Sagdyn jemgyýet — bagtyýar döwlet


Sagdyn jemgyýet — bagtyýar döwlet



Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, adamyň ömrüni uzaltmakda we şol bir wagtyň özünde, halkara talaplara laýyk gelýän, maddy tehniki üpjünçiligi ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan ägirt işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011‒2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen ilatymyzyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda bellenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020‒2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmek meseleleri boýunça aň-bilim hem-de wagyz-nesihat çärelerini işjeň geçirmek, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek täze maksatnamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, iýmit ulgamynda yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, ylmy barlaglary geçirmek we tejribä ornaşdyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak saglygy goraýyş ugrundaky döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleri bolup durýar.

Türkmenistan adamy we onuň saglygyny goramak baradaky halkara resminamalara goşulýar we ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ÝUNISEF ýaly guramalar bilen ähli babatda, şol sanda lukmanlaryň hünärini kämilleşdirmek meselesinde hem hyzmatdaşlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Ilat gaznasynyň arasynda 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamalaryna, şeýle hem ministrlik bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň arasynda 2020‒2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekildi. 2020-nji ýylyň 5-nji martynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyza ýiti wirusly ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýar. 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda: «Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmelidiris. Ýokanç keselleri bolan adamlara tölegsiz ýa-da ýeňillikli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertleri döretmelidiris» diýip nygtamak bilen, ýokanç keselleriň dürli görnüşleriniň öňüni almak we duýdurmak boýunça ýörite kanuny kabul etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şol nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzda her bir raýatyň we ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşmak ugrunda uly işler amal edilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telewideniýe we radiogepleşikleriň hem-de jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglaryna gatnaýanlaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş-öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirilýär we ýokanç kesellere garşy göreşmek barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga we berkitmäge bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek maksady bilen, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyny; sagdyn ilatyň emele gelmegine oňyn täsir edýän şertleriň döredilmegini; keselleriň öňüni almagyň ýokary derejede ösdürilmegini; amaly lukmançylyga täze ylmy açyşlaryň, innowasion usullaryň ornaşdyrylmagyny; ilata ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär.

Ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatyny netijeli amala aşyrmak maksady bilen, konstitusion kadalara esaslanyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bellenilýär. Bu konstitusion kada milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryny özüniň ýolgörkeziji ýörelgesi hökmünde rowaçlyklara beslenýän döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň döwlet üçin hem, jemgyýet üçin hem ýokary baş gymmatlyk bolup durýandygynyň hem-de ilatyň durmuş goraglylygynyň ygtybarlydygynyň görkezijisidir.

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda hem-de olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde netijeli işleri amala aşyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy möhüm ugur bolup durýar. «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri: raýatlaryň howpsuz we oňat hilli saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga bolan hukugynyň deňligi; saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň hemmelere elýeterli bolmagy; saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň öňüni alyş çärelerine we durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi; eneligiň we çagalygyň goralmagynyň ileri tutulmagy; raýatlaryň zähmete bolan ukybyny ýitiren halatynda durmuş taýdan goraglylygy; saglygy goraýşyň ösüşiniň geljegini kesgitlemekde lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň birligi; saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň berilmeginde ýüz öwrülmegine ýol berilmezligi; jemgyýetçilik birleşikleriniň raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň üpjün edilmegine gatnaşmagy bolup durýar.

Türkmenistanda raýatlaryň saglygynyň goralmagynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär we soňky ýyllarda kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda, «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezip bolar.

Saglyk gözelligiň sakasydyr. Sagdyn jemgyýet ‒ sagdyn döwletiň özenidir. Milli maksatnamalar halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň düzüm bölekleriniň biri bolan, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde uly äh¬miýete eýedir.

Arslan Mämmedow