Namazga medeniýetine degişli küýzegärçilik önümleriniň syrlary


Namazga medeniýetine degişli küýzegärçilik önümleriniň syrlary



Günorta Türkmenistandaky gadymy ekerançylyk medeniýetinden habar berýän möhüm ähmiýetli ýadygärlikleriň arasynda Namazga medeniýetiniň aýratyn orny bardyr. Sebäbi bu ýadygärliklerden ençeme ylmy maglumatlar bilen birlikde nakgaşçylyk, küýzegärçilik sungatyna degişli täsin tapyndylar toplanyldy. Şol tapyndylaryň ençemesi häzirki günlerde biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň iň görnükli ýerinde öz mynasyp ornuny tapyp, bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar.z bezegini Kerwen Aýdogdyýew, Guwanç Mämmetnazarow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetirdi.

Namazga medeniýeti – irki mis asyrynyň ýadygärlikleri bilen bellidir. Ol Kaka etrabyndan 7 km günbatarda ýerleşýän, 70 gektar meýdany tutup ýatan Namazgadepe ýadygärligidir. Ol alty sany medeni gatlaga, ýagny Namazga I-VI bölünýär. Bu ýadygärligiň medeni gatlagynyň köplügi (20-30 metr), ýaşalan meýdanynyň giňligi (45-50 gektar) alymlary haýran galdyrypdyr. Bu ýerde müňlerçe ýyllap, eneolit döwründe-de, ösen bürünç eýýamynda-da birmeňzeş adamlaryň ýaşandygy ýüze çykaryldy.

Ýurdumyzda eneolit (mis-daş asyry) döwrüne degişli ýadygärlikleriň 30-dan gowragy alymlar tarapyndan mälim edildi. Olar, esasan hem, Günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşendir. Bu döwre degişli Änew, Garadepe, Akdepe, Namazgadepe, Göksüýri ýaly gadymy ýadygärliklerde irki adamlaryň medeni durmuşy alymlar tarapyndan düýpli öwrenildi. Küýzegärçilik öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Küýzegärlik sungatyna palçyga materiallar hem dürli organiki däl birleşmeler garyp ýasalan hem bişirilen dürli gap-gaçlar degişlidir. Keramika örän gadymdan bäri adamzat jemgyýetiniň durmuşynda onuň ýaşaýşynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylyp gelýär. Dürli döwürlerde adamlar gap-gaçlary, gurluşyk enjamlaryny, senetçilik önümlerini we beýlekileri ýasapdyrlar.

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleriniň biri hem häzirki Kaka etrabynyň Artyk obasynyň golaýynda ýerleşýän, 15 gektar meýdany tutýan Garadepe ýadygärligidir. Garadepeden tapylan gaplaryň ýüzüne çekilen nagyşlar örän täsindir. Haýwanlaryň keşbi çekilen gaplar seýrek hem bolsa gabat gelýär. Şulardan ugur alyp garadepelileriň gözellige uly sarpa goýandygyna düşünmek bolýar.

Artyk demir ýol menziliniň golaýyndaky Akdepe ýadygärliginden toplanan önümlerde günbatar medeniýetinde öňden däp bolup gelen Garadepe äheňli — suratly, nagyşly keramika gap-gaçlar agdyklyk edýär. Akdepeliler toýun palçykdan ajaýyp küýze gaplary, nepis şekilleri ýasapdyrlar, özboluşly ojakda-kürede bişirýän ussalar, dürli reňkleriň, boýaglaryň syrlaryny ele alypdyrlar. Tapyndylardaky geometriki nagyşlardan başga-da käwagt yzygiderli, tertipli görnüşde ýerleşdirilen daragtlaryň arasynda äpet aýlawly şah, haýbatly tekeleriň we gadymy gözel halylaryň nagyşlarynyň, gölleriniň ussatlyk bilen çekilen şekilleri-de gabat gelýär. Şol gadymy Garadepäniň keramika gap-gaçlarynyň nagyşlary nusga bolup bize miras galypdyr. Bu şekilleri soň-soňlar namazgadepeli, ulugdepeli, altyndepeli nakgaşlar dowam etdiripdirler.

Arheologiýa barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan nagyşlar gadymy döwürde döräp, kämilleşip şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Ol nagyşlar gadymy döwürden häzirki günlere çenli öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şu ýadygärliklerden tapylan keramika gaplaryň ýüzünde geometrik şekillerden: haç-atanak, üçburç, inedördül, romb, sekizburçluk; ösümliklerden: bag, gül, ýaprak; haýwanlardan: dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri, olaryň belli bir beden agzalary nagyş hökmünde ulanylypdyr. Bularyň asyl nusgadaky nagşa geçirilen görnüşleri binagärçilik sungatynda, türkmen halylarynyň we egin-eşikleriniň hemmesinde diýen ýaly duş gelýär. Bu şekilleriň her biri aýratynlykda many aňladypdyr.

Özüniň iň oňat nusgalary bilen keramika adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň ähli döwürlerdäki ýeten derejesini görkezýär. Paleolit döwründe adamlar palçykdan adamlaryň we haýwanlaryň şekillerini ýasapdyrlar. Palçyga berklik, oda, suwa çydamlylyk häsiýetini bermek üçin ony bişirmek miladydan öňki VIII-VI müňýyllyklarda başlanýar. Keramika önümleriniň hojalyk maksatlary üçin ulanylyp başlanmagy adamzat jemgyýetiniň gazanan uly üstünliklerinden biridir. Türkmenistanyň çäginde keramika gap-gaçlar ýasamak has irki döwürlerde (Jeýtun medeniýeti) ýüze çykyp, IX-X asyrlarda keramika önümçiligi has ýokary derejä göterilýär.

Geçmişde orta Amyderýa jülgesinde we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşaýan türkmenleriň hojalygynda we durmuşynda küýzegärçilik önümleri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olar öýdäki usula görä, işlenip taýýarlanypdyr, wagtyň geçmegi bilen aýry-aýry ussalaryň kärine öwrülipdir we önümlere ýerli ilat tarapyndan uly isleg bildiripdirler. Ýasalýan önüm has gowy bişer ýaly, palçyga ep-esli mukdarda ösümliklerden goşulýan hem bolsa, olaryň hili pes bolupdyr. Önümler göwrümi boýunça humlar, käseler hem kiçiräk dörtburçluk gaplar ýaly görnüşde ýasalypdyr. Gap-gaçlar köplenç goňras-mele reňkde bolup, olaryň hiç hili bezegi bolmandyr.

Orta asyrlarda ýaşan adamlar keramiki önümleri ýasamaklyga uly üns beripdirler. Keramikadan ýasalan önümler ilki has ýönekeý bolupdyr. Soňra ýasalýan keramika önümleriniň hiliniň gowy bolmagy we çalt ýasalmagy üçin çarh oýlanyp tapylypdyr. Küýzegärçilikde çarhyň ýüze çykmagy we giňden peýdalanylmagy dowam edipdir. Ilkiler keramika önümleri ýönekeý nagyşlanan bolsa, çylşyrymly nagyşlar bilen bezemek ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykyp başlapdyr.Sarymtyl-goňras görnüşli gap-gaçlara goňur reňk bilen nagyş çekilipdir. Olardaky suw çüwdürimine meňzeş nagyşlaryň arasy bolsa kese çyzyklar bilen kesilipdir. Gap-gaçlaryň käbirleri biri-birine sepleşip gidýän dik ýarymaý şekilli nagyş bilen örtülipdir. Gap-gaçlara nagyş çekmek sungaty ep-esli derejede kämilleşipdir.

Türkmen amaly-haşam sungaty müňýyllyklaryň gatyndan biziň günlerimize gelip ýetipdir. Arheologlar medeniýetiň iň gadymy ojaklarynyň biriniň Türkmenistanda ýerleşýändigini subut etdiler. Ilkinji ýönekeýje nagyşlar gözbaşyny 7-8 müň ýyl mundan öňki neolit döwründen alyp gaýdýar. Ilki elde ýasalyp, açyk otda bişirilen toýun gaplarda gara we gyzyl reňkler bilen çekilen sadaja nagyşlar emele gelip başlaýar. Bişiriş gyzgynlygynyň deň derejede bolmandygy zerarly, gaplara çekilen nagyşlaryň bir reňk bilen işlenendigine garamazdan, olar garamtyl-goňur, açyk-goňur, gyzgylt öwüşginlerde bolupdyrlar. Bu nagyşlar göni, kese, egrije çyzyklardan, ak, gara meneklerden, üçburçluklardan ybarat. Ol çyzyklaryň akar suwy, ýagyş-ýagmyry, Günüň nuruny sypatlandyran bolmagy mümkin. Alymlar ilkinji nagyşlardaky alamatlaryň irki şine ýazgylarynda, ilkinji elipbiý hökmünde ýa-da belli bir zady aňladýan alamat hökmünde ulanylan bolmagy mümkin diýen netijä gelýärler. Gadymy nagyşlar adamlaryň daş-töweregini gurşap alan dünýäniň iň esasy görnüşlerini Asmandyr Zemini, Aýy, Güni, suwy, olaryň üsti bilen ähli janly zatlary: guşlardyr haýwanlary, ösümlikleri şekillendiripdir. Neolit hem eneolit eýýamlaryň gadymy adamlarynyň düşünjesine görä, tebigatyň beýik güýçlerini olaryň daşky alamatlary däl-de, eýsem geometrik belgiler aňladypdyr. Nagyşlaryň deslapky görnüşlerinde hemmä belli nyşanlar aňladylypdyr. Nagyşlar diňe bir kiçi zatda ulyny, bir bölejikde ählumumy zady aňladýan nyşanlar bilen çäklenmändir.

Ol adamzadyň iň beýik çeperçilik açyşlarynyň biri bolupdyr. Çeper keşpde pikirlenmäniň aýratyn görnüşi bolan sungatda, nagyş çeper döredijiligiň wezipesini ýerine ýetirýär. Nagyşlamak sungaty türkmen halkynyň gündelik durmuşda ulanýan önümlerinde öz beýanyny tapýar. Arheologiýa barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan gadymy nagyşlar Türkmenistanda döräp, kämilleşip şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Ol nagyşlar gadymy döwürden häzirki günlere çenli öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Gadymy adamlaryň gündelik ulanýan hojalyk goşlarynyň içinde iň kän tapyndylar keramika gap-gaçlardyr. Olaryň bölekleri Türkmenistanyň irki neolit eýýamynyň ýadygärliklerinde duş gelýär. Gap-gaçlara nagyş çekmek sungatynyň hakyky ösüşi Günorta Türkmenistanda giçki neolit ýa-da eneolit diýlip atlandyrylýan mis-daş asyrlaryna degişlidir.

Haýwanlaryň keşbi çekilen gap-gaçlar hem seýregem bolsa gabat gelýär. Muňa mysal edip, kiçiräk tabak görnüşinde ýasalan gaby alyp bileris. Onuň ýüzünde hakykatdan hem ylgap barýan barsyň şekili bolup, barsyň tegmilleri nokat-nokat nagyş görnüşinde suratlandyrylypdyr. Şulardan ugur alyp garadepelileriň gözellige uly sarpa goýandygyna düşünmek bolýar.

Aşgabadyň etegindäki Akdepeden toplanan önümlerde günbatar medeniýetinde öňden däp bolup gelen Garadepe äheňi — suratly, nagyşly, köplenç halatlarda, çal keramika gap-gaçlar agdyklyk edýär. Tapyndylardaky geometriki nagyşlardan başga-da käwagt yzygiderli, tertipli görnüşde ýerleşdirilen daragtlaryň arasynda äpet aýlawly şah, haýbatly tekeleriň ussatlyk bilen çekilen şekilleri-de gabat gelýär. Ony Akdepe ýadygärliginiň mysalynda görmek bolýar. Gündogar topara degişli arheologiýa ýadygärliklerinde giçki eneolit döwrüne mahsus bolan esasy reňkde gyzyl reňkiň agdyklyk edýän tapyndylary köp gabat gelýän bolsa, günbatar topara degişli arheologiýa ýadygärliklerden çykan tapyndylarda ýaşylymtyl ak reňklere köp ýykgyn edilendigini görmek bolýar. Türkmenistanyň çäklerinde bolsa, şeýle tapyndylar miladydan ozalky IV-III müňýyllyklarynda giňden ýaýrapdyr.

Türkmenistanda köklerini 6-7 müň ýyl mundan ozalky döwürden alyp gaýdýan nagyşlar kämilleşip, çylşyrymlaşyp häzirki döwre çenli biziň haly-palaslarymyzda we amaly-haşam sungatymyzda giňden ulanylyp gelinýär. Nagyş hyýaly hem şertli sungat bolsa-da, şol bir wagtyň özünde anyk dünýäden hem bütinleý üzňe däldir. Gadymy adamlaryň nagyşlary simwol-alamat ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen beýan edip ulanmaklary, olaryň dünýägaraýşyny kesgitleýär. Bu esasan, adamlaryň hasylyň, bolelinligiň çeşmesi bolan beýik Enä - Ýere ynamy bilen bagly bolupdyr. Nagyşlar - geometrik şekillerden: haç-atanak, üçburç, inedördül, romb, sekizburçluk, ösümliklerden: bag, gül, ýaprak, haýwanlardan: dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri, olaryň belli bir beden agzalary nagyş hökmünde ulanylypdyr. Bularyň nagşa geçirilen görnüşleri türkmen halylarynyň we egin-eşikleriniň hemmesinde diýen ýaly duş gelýär. Bu şekilleriň her biri aýratynlykda many aňladypdyr. Mysal üçin: haly göllerindäki haç-atanak älem-jahany dünýäniň dört künjegini aňladypdyr.

Üçburçluk nagyşlar keselçilikden, inedördüldir, sekizburçluklar – adamzady bela-beterden, göz-dilden goraýan nyşan hökmünde görlüpdir. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baýdagyny we döwlet Tugrasyny bäş sany esasy haly gölüniň bezeýändigini bellemek ýerlikli bolar. Türkmen amaly-haşam sungaty müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň günlerimize kämil derejede gelip ýetipdir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hemişelik sergi zallarynda, şeýle-de gaznasynda keramikadaky nagyşlardan başlap, amaly-haşam sungatynyň önümlerine siňen nagyşlar goralyp saklanylýar we ylmy esasda öwrenilýär.

Öwezmuhammet MÄMMETNUROW