Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy


Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup yetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.

Dünýä ýüzünde giňden bellenilyan Bütindünya Saglyk güni, adamzadyň baş baýlygynyň — saglygynyň şanyna bagyşlanylan baýram bolup, dünýä ýüzünde 70 ýyla golaý wagt bäri iň arzyly günleriň biri hökmünde bellenilýär. 1948-nji yylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy döredilip, hut şol gün hem bu gurama tarapyndan 1950-nji ýyldan başlap, «Bütindünyä Saglyk gününi bellemek hakyndaky» Karar kabul edilipdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri, gurama bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu işleriň netijesinde ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleri tejribe alyşmak esasynda, keselleriň sany azalýar. Ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunca giň möçberli çäreler geçirilýär, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmage aýratyn üns berilýär.

Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň 2025-nji ýyla çenli saglygyň ählumumy derejesini we onuň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän çaklamalaryna laýyklykda, adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy we lukmançylyk üpjünçiliginiň ýokarlanmagy netijesinde, dünýäniň ilatynyň uzak yaşlylarynyň sanynyň köpelmegine garaşylyar.

Biziň ýurdumyzda hem Bütindünýa Saglyk güni özboluşly, millilige yugrulan äheňlerde, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrüldi. Sebäbi yzygiderli beden maşklary işe bolan ukyplylygy artdyryp, ynsany döredijilik işine höweslendirýär. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saglygy baş baýlyk hasaplapdyr. Halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýşy nesilden-nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Irki döwürde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, saglyk — ynsanyň başynyň täji, emma ony adamlar diňe syrkawlan wagtlarynda görüp bilyärler. Danalar bagty, saglygy gymmatlyklar düzüminde biri-birine barabar goýupdyr.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sport bilen meşgullanmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak üçin, şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamyna maýa goýumlary çekmek üçin şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, işgärleri taýýarlamak meselelerini kämilleşdirmek, şu ugurda işleýan hünarmenleriň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edyär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagy¬ny arzuw edýäris!

Suraý ANNAMAMEDOWA