«Köýnegi zerewşan bedew...»
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň öwrenilmegine, seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine giň ýol açyldy. Şunuň bilen birlikde gadymy at esbaplaryny täzeden dikeldilmegine üns güýçlendi. Munuň özi halkymyzyň gadym zamanlardan bäri bedewe uly sarpa goýýandygyny ýene-de bir ýola tassyklaýar. Çünki halkymyz goç ýigitleriň goşa ganaty hem köňül syrdaşy bolan şabaz bedewini gözüniň göreji, ýüreginiň egsilmez buýsanjy saýyp gelýär. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinde iňňän inçe we nepis at esbaplaryny döretmegi başarypdyrlar.
Munuň şeýledigini taryhy maglumatlar hem tassyklaýar. Mysal üçin, «Görogly» şadessanynda şeýle sözler bar:
«Köýnekçesin etsem zerden,
Zerewşan tylla eýerden,
Hümmet ýetdi ärden-pirden,
Derýa kimin daşdy Gyrat».
Seýdi şahyr:
«Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň atlaz bilen zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň» - diýip, ahalteke bedewiniň gözelliginiň zerewşan esbaplarsyz göz öňüne getirip bolmaýandygyny nygtaýan bolsa, yşk mülküniň şasy Mollanepes «Simu-zer, altyn-kümüş, ger saýlasam esbaby» ýaly şahyrana jümleler bilen at esbaplarynyň ähmiýetini tekrarlaýar. Rus alymy O.Tumanowiç «At türkmen maşgalasynyň bir agzasy hasaplanylýar. Atyň türkmen durmuşynda tutýan orny uludyr. Türkmen öz atyna yhlas bilen garaýar we öz islegine, başarnygyna görä, kämil at esbaplary bilen bezeýär» - diýip, ahalteke bedewiniň türkmen maşgalasyndaky mertebesini, dünýädäki şöhrat-şanynyň at esbaplarynyň kämilligi bilen barha artýandygyny wasp edýär.
Behişdi bedewlerimiziň gözelligine görk goşýan esbaplaryň dürli görnüşleri bar. Olaryň naýbaşy görnüşleriniň biri at gözlügidir. Ol atyň gözüni mör-möjekden goraýan gaýyşdan, teletinden edilen seçekli esbapdyr. Bu täsin esbap, atyň maňlaýyna dakylýan uýanyň maňlaýdan geçýän gaýyşyna birikdirilýär. Onuň ýerligi gönden bolup, dürli-dürli bezeglere beslenýär, esasan hem, ýüzüne owunjak «guşgözi», şeýle hem «balyk arka» ýaly teňňe görnüşli şaýlar düzülýär. Ortasyna ullakan hakyk daşy ýa-da ortasynda göz şekilini ýatladýan üç setir hakyk daşlar dikligine oturdylýar. Gözlügiň bezeg şaýlary diňe gözellik üçin däl-de, eýsem gözden-dilden goranmak maksady bolup hem hyzmat edýär.
At esbaplarynyň esasy görnüşleriniň biri eýerlerdir. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynyň 219-njy sahypasynda şeýle maglumatlar beýan edilýär: «Atlara haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna baglylykda dürli hili eýer salynýar.
Türkmen eýeri iň gadymy we oturmak üçin oňaýly eýerdir. Beýlekilerden tapawutlylykda onuň gaşy bar. Türkmen eýeri söwütden ýasalýar we ol çerim bilen örtülendir.»
Gahryman Arkadagymyzyň juda jaýdar belleýşi ýaly, at eýeri, esasan, iki gornüşde bolýar, birinjisi, agaçdan ýasalyp, adatça, onuň daşyna ak ýylmanan çerim-gaýyş örtülýär. Gaýşyň ýüzüni çarçuwanyň içinde ýerleşen nagyşlar bezeýär we onuň üstki bölegine galyň gaýyş çekilýär. Üstünde oturmak amatly bolar ýaly, eýeriň iki gaşynyň arasy we gapdallary egmegräk, ýasyrak edilip bejerilýär. Nagyşlar amaly-haşam sungatynda atlandyrylýan jandarlaryň bezegler bilen, ýagny dürli ösümlik we geometriki häsiýetli nagyşlar salnyp, haýwanyň şekilini suratlandyrýarlar. Eýeriň yzy guşuň guýrugyna meňzeş şekilde bolup, ol demirden owadan ýasalyp, eýeriň agajynyň ýüzüne kakylýar. Eýeriň iki gapdalyna gaýyş kemerleriň kömegi bilen iki sany üzeňňi dakylýar. Olar demirden ýasalyp, ökjäniň içgi tarapyna laýyk gelýär we şonuň üçin söweş wagty esgere dik durup urmaga amatly mümkinçilik döreýär. Üzeňňi, köplenç, demirden ýa-da bürünçden ýasalýar. Onuň ýokarky gaýyş geçýän kese deşik ýerine çekelik diýilýär. Onuň dürli uzynlykdaky ujy halkaly, käte demir halkaly gaýyşlary eýeriň iki gapdalyndan goýberilýär. Üzeňňiniň ýokarsy ýarym aýlaw şekilinde ýasalýar. Aýagyň basylýan ýeri ýasy bolýar. Ol aýaga daýanç bolup hyzmat edýär. Atyň üstünde galkmaga, at sürülende aýagyň ýerdäki zatlara degmez ýaly ýokarda durmagyna ýardam berýär. Üzeňňiniň sada görnüşiniň «depirgi» diýlip atlandyrylyşy-da bar.
Bedewiň eýeriniň üstüne nepis haly önümi bolan at eýerlik düşelýär. Ol töweregi tegelenen görnüşdedir. Eýerligiň merkezine salyrgöl, aýnagoçak, şelpeli gölçe we ş.m. nagyşlar salnyp, onuň töweregine barmak, „gyýak», egrem ýaly ownuk nagyşlar aýlanýar. Eýerligiň daşyna gyzyl, garamtyl ýaşyl we gök reňkli ýüpekden ýa-da ýüňden seçek edilýär. Eýerligiň ýokarsynyň edil aralygyndan eýeriň gaşy üçin dilik edilip, onuň daşy pugtama nagşy bilen bezelip, pugtalanýar. Onuň gyralaryna kaşaň pürçükli seçek tutulýar.
Atyň guşagy, adatça, deriden taýýarlanyp, olaryň käbiriniň ýüzüne altyn çyzylan, nagyşlanan kümüş bölejikleri hem berkidilýär. Olar has inli edilip, oňa uzak ýola ýa-da söweşe gidilende zerur enjamlary we gaplary asmaga mümkinçilik berýär.
Görnüşi ýaly, at esbaplary owadanlygyna, ýyndamlygyna taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiziň gözelligine görk, şanyna şöhrat goşýar. Munuň özi, halkymyz tarapyndan olaryň edil maşgala agzasy ýaly, eý görlendigini subut edýär.
Gülnur Rejepowa