Üzärligiň ähmiýetiniň görnüşleri
Hormatly Prezidentimiz «Bu gün lukmançylyk ylmy bereketli türkmen topragynyň sahylyk bilen eçilýän köp sanly dermanlyk ösümlikleriniň ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny ykrar edýär» diýmek bilen, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleri täze tehnikalardan we tehnologiýalardan, innowasiýalardan ugur alyp, ylmy taýdan hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi häzirki döwürde lukmançylyk ylmynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biriniň ýurdumyzyň dermanlyk häsiýetli ösümliklerini ähli taraplaýyn öwrenip, amaly lukmançylyga girizmekden ybaratdygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde bejerijilik häsiýetli üzärligiň adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigi barada belledi. Hakykatdan hem, häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti bolan bu ösümlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Bu dermanlyk ösümligi barada gadymy döwürlerden bäri ylmyň ojagy hökmünde mälim bolan Arameý, Horezm ýazgylary ýaly çeşmelerde, ynsan saglygyny goramagyň gaýtalanmajak inçe syrlaryny miras galdyran alym Abu Aly ibn Sinanyň (Awisennanyň), Günbataryň we Gündogaryň lukmançylyk ylmynda şöhratly yz galdyran, türkmen milli lukmançylygynyň kerwenbaşysy bolan Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň işlerinde gymmatly maglumatlar berilýär.Türkmenistanda lukmançylyk ylmyny, şol sanda dermanlyk ösümlikleri öwrenmek bilen baglanyşykly esasy wezipeler ýurdumyz da kabul edilen we hereket edýän milli maksatnamalarymyzda, şol sanda ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, «Türkmenistanda ylymda we tehnologiýada alnyp barylmaly işleriň esasy ugurlarynda», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmegiň Döwlet meýilnamasynda», şeýle-de beýleki resminamalarda uly orun tutýar. Ady agzalan maksatnamalarda Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini ylmy esasda öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin bir näçe işler göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda dürli derejedäki tebigy şertlerde ösümlikleriň häzirki ýagdaýyna baha bermek we hojalyk bähbitli häsiýetlerini öwrenmek; tebigy baýlyklarymyza, şol sanda dermanlyk ösümliklerimize esaslanyp, derman senagatyny mundan beýläk hem ösdürmek we ilatymyzy özümizde öndürilýän ýokary hilli, elýeterli we howpsuz derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek; ylmy gazananlarymyza esaslanyp, S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» oba senagat toplumynyň düzüminde buýan köküni gaýtadan işläp, taýýar önümleri almagy öwrenmek we Lebap welaýatynda gliserizin kislotasyny öndürýän derman kärhanasyny gurmak ýaly meseleler aýratyn bellenýär. Müň bir derdiň dermany hasaplanýan üzärlik dermanlyk ösümliginiň melhemlik häsiýetleri milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň I jildinde hemme taraplaýyn häsiýetlendirilýär.
Üzärlik köpýyllyk, köp baldakly, otjumak, boýy 40-50 (70) santimetr bolan özboluşly güýçli ysly ösümlikdir. Ol maý — iýul aýlarynda gülleýär, miwesi iýul, awgust aýlarynda ýetişýär. Bu ösümlik Orta Aziýanyň ähli döwletlerinde, Gazagystanyň günortasynda, Ýewropanyň günorta ýurtlarynda we Kawkazda duş gelýär. Üzärlik türkmenleriň arasynda gadymy zamanlardan bäri ulanylýar. Ata-ba balarymyz ony çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini
daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem öýlerde bu ösümligiň çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky biologik işjeň maddalaryň täsiri sebäp bolýar. Türkmenistanyň lukmançylygynyň nyşanynda üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däl. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň köp sanlysynyň garşysyna ulanylýar. Dünýä ýurtlarynda üzärlik nerw kesellerini bejermekde, newrosteniýada, demgysmada, gyra çetki gandamarlary giňeldiji serişde hökmünde we beýleki keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Bu dermanlyk ösümlik halk lukmançylygynda göz kesellerini bejermekde, derlediji serişde hökmünde, soguljanlaryň garşysyna, umumy gyjyndyryjy serişde hökmünde hem peýdalanylypdyr. Halkymyz üzärligi iki maksat üçin — dermanlyk hem boýag hökmünde peýdalanýar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damar çekende we merezýelde derman hökmünde ulanylýar. Diş agyrysynda üzärligiň tohumy bilen gara üzümi garyşdyrmaly we soňra agyryly dişe ýapmaly. Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri diş eti agyranda agzy çaýkamak üçin peýdalanýarlar. Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Onuň oty gaýnadylan suw syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyra, gijilewüge we beýleki deri kesellerine garşy ulanylýar. Üzärligiň tohumyndan taýýarlanan peganin melhemi demgysmada we böwrek kesellerinde peýdalydyr. Häzirki zaman lukmançylygynda «gidrohlorid peganin» atly derman serişdesi (gerdejik we suwuk ergin görnüşinde) iç gatamada, içege kesellerinde iç sürüji serişde hökmünde, sandyrawukl yysmazda we parkinson keselinde peýdalanylýar. Gaýnatmasy we demlemesi köşeşdiriji, agyryny aýryjy, sowuklama garşy, antiseptik serişde hökmünde peýdalanylýar. Gadymy Rim lukmany Dios korid öz
işlerinde üzärligiň garaguş keselinde rahatlandyryjy derman serişde hökmünde ulanmaga ýaramlydygyny belläpdir. Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, ýurdumyzda ösýän çig mal gory ýeterlik bolan üzärligi hemmetaraplaýyn öwrenmek, barlamak we lukmançylykda ulanmak mümkinçiligini kesgitlemek işiniň derwaýyslygyny görkezýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde üzärlik otunyň bejeriş häsiýetlerini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Häzire çenli üzärligi goşmaça zäherli maddalardan, şol sanda alkaloidlerden arassalap, ondan dürli gatnaşykdaky jöwherler taýýarlandy. Üzärligiň otundan taýýarlanan jöwheriň häzirki zaman fiziki-himiki usullar arkaly gurluşy we düzümi
Türkmenistanyň şertlerinde ilkinji gezek ylmy taýdan öwrenildi. Netijede, onuň düzüminde wajyp biologik mikroelementleriň 50-ä golaýynyň bardygy anyklandy. Alnan jöwher üçin Derman serişdeleri hasaba alyş we olaryň hiline döwlet gözegçiligi merkezi tarapyndan Melhemçilik (farmakopeýa) makalasy tassyklandy. Taýýarlanan jöwheriň tejribe haýwanlarynda klinika çenli barlagy, mikroblara garşy we ýara bitiriji täsirleri öwrenildi. Geçirilen barlagda jöwheriň gök iriň taýajygyna garşy güýçli işjeňliginiň bardygy anyklandy, onuň gysga wagtyň dowamynda ýara bitiriji we immune modulirleýji häsiýetiniň bardygy ýüze çykaryldy. Döwrebap hirurgiýa amalyýetinde wajyp meseleleriň biri bolan gök iriň taýajygynyň ýüze çykarýan iriňli ýagdaýlaryny bejermekde üzärligiň otundan taýýarlanan jöwheriň ýokary täsiriniň bardygy göz öňünde tutulyp, alnan netijeler «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynda antibakterial hasa görnüşinde öndürmek üçin hödürlendi. Ülkämiziň baý tebigy serişdelerini, şol sanda dermanlyk ösümliklerini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, mertebesi hemişe belent bolsun!
Ilmyrat GURBANOW