Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň: «Bag eken baky ýalkanar» diýen parasatly pähiminiň many taýdan uly ähmiýete eýedigini hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna esaslanýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, agzybirligiň nyşany bolan bag ekmek boýunça ählihalk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeginde döwlet derejesinde geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmeginde görmek bolýar.
Şahyryň:
Dünýeden hiç kimse ötmesin bikär,
Bolmanda, bir agaç eksin ýadygär.
Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar —
diýşi ýaly, halkymyzda ata-baba dowam edip gelýän bag ekmek ýörelgesi adamzat durmuşynyň ahlak keşbiniň dowamlylygydyr. Ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli we oýlanyşykly peýdalanmak, ýaş nesli tebigata bolan söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bu işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny, ekilmegi meýilleşdirilýän agaç nahallarynyň, hususan-da, saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleriniň, derek agajynyň ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen, şeýle asylly işiň nesillerde halal zähmete söýgini pugtalandyrmakda hem wajyp ähmiýete eýedigini ündeýär.
Adamyň durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýandygy nukdaýnazaryndan, tebigatyň ýaşaýşyň gönezligi bolup çykyş edýändigi hemmelere mälimdir. Gadym döwürlerden bäri halkymyz ýere, suwa, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek arkaly tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň ahlak ýörelgesiniň nusgalyk keşbini kemala getiripdir. «Ýaşlygyndan nahal ekmedik garranynda kölegede oturmaz» diýen pähime eýeren pederlerimiziň asylly däbiniň dowamy hökmünde ýurdumyzda gök zolaklaryň geriminiň giňeldilmegi häzirki zaman şertlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň hem özboluşly innowasion usuly hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtda ertirki günümiziň arassa howa şertleriniň girewi bolan tebigatyň deňagramlylygyny durnukly saklamaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga gönükdirilendigi bilen wajyp ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda Ýer ýüzünde ösümlikleriň 500 müňden gowrak görnüşi bardyr. Olaryň ýaýraýşy, ösüşi we miwe berşi tebigy şertlere bagly bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ählihalk bag ekmek dabarasynda bag nahallarynyň ýurdumyzyň her sebitiniň toprak-howa şertlerine mahsus görnüşleri seçilip alyndy. Şeýle-de zolaklaryň ýerleriniň taýýarlanylmagy, nahallar oturdylanda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi we topragyň ylmy esasda öwrenilmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri uludan tutuldy. Munuň özi, bir tarapdan, ylmy çemeleşilmä esaslanýan biologik köpdürlüligiň baýlaşamagyna itergi berýän bolsa, nahallaryň damjalaýyn suwaryş usuly bilen suwarylmagy ýurdumyzyň ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen dünýä ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda oňyn çemeleşmäniň alnyp barylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Hünärmenleriň nygtamagyna görä, iň döwrebap himiki barlaghanalar hem tebigatdaky ýaly kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri bitewüligine derňemäge ukyply däldir. Çünki tebigat özünde emeli döredilmegi mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Halk lukmançylygynda bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanýan üzärligiň, sazagyň, çomujyň, çopantelpegiň mysallarynda alanyňda, ýurdumyzyň biodürlüligi adamyň kesellere garşy durmak ukybyny pugtalandyrmaga, dürli kesellerden saplanmaga ýardam berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 17-nji martynda Garagum sährasyna bolan iş saparynda türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň gadymy döwürlerden bäri halkymyz tarapyndan dürli maksatlar üçin peýdalanylandygyny aýratyn belläp geçdi. Milli lukmançylykda ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsiniň ylmy taýdan esaslandyrylan we tejribede giňden peýdalanylýan ýol-ýörelgesi bolup mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki neşiriniň mynasyp orny bardyr. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda gök zolaklaryň çäkleriniň giňeldilmegi, ilkinji nobatda, halkymyzyň saglygynyň berkemegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň esaslandyrmalaryna görä, ýylyň dowamynda bir gektar tokaý ösümlikleri her günde 180 — 220 kilograma çenli kislorody bölüp çykarmaga, şol bir wagtda 220 — 280 kilograma çenli kömürturşy gazyny özüne siňdirmäge ukyplydyr. Olaryň toprakdaky ygaly bugarmakdan saklamak, howadaky adam saglygy üçin zyýanly bolan kömürturşy gazyny özlerine siňdirip, arassa kislorody bölüp çykarmak ýaly häsiýetleri adamlaryň saglygyna oňyn täsir etmek bilen, keselçiligiň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Şeýle hem tokaýlaryň köpeldilmegi janly-jandarlaryň esasy ýaşaýyş serişdesi bolan howanyň arassa bolmagyny üpjün etmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, çölleşme hadysasynyň öňüni almaga ýardam berýär. Çünki baglar çölleriň süýşüp giňelmezligi, suwuň ýeriň ýüzünde deň ýaýramagy, ýerasty suwlaryň aşak çökmegi bilen bagly wezipeleri amal etmekde wajyp orny eýeleýär.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň milli nowruz baýramynyň şowhuny bilen utgaşykly geçirilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Gündogar halklarynda täze ýylyň gelmegi bilen baglanyşdyrylýan bu baýram, täzelenişi alamatlandyrmak bilen birlikde adamzat ýaşaýşyny dowam etmekde ynsanyň tebigata, onuň bilen özara ýakyndygyna, adam-tebigat gatnaşyklarynyň biri-biri bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan milli nowruz baýramy tebigatyň täzeleniş baýramy hökmünde dost-doganlyga, döredijilige we parahat durmuşa ruhlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bu baýramyň Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, ynsanperwerligiň, umumadamzat ýörelgeleriniň dabaralanmagy bilen birlikde adam-tebigat sazlaşygynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň hem aýdyň tassyklanmasydyr.
Güneşli ýurdumyz ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Ene Ýeriň umumadamzat bir bitewi öýi bolup durýandygy, howa akymynyň serhet çäginiň bolmaýandygy nukdaýnazaryndan, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatda işler howanyň üýtgemeginiň we çölleşme hadysasynyň öňüni almakda, biologik dürlüligiň baýlaşmagynda dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere mynasyp goşantdyr. Munuň özi adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleriň ykdysady we durmuşy ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde ählumumy çemeleşmäniň esasynda çözülmeginiň mümkindigini ýüze çykarýar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň häzirki döwrüň hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp şerti bolup çykyş edýändigi nukdaýnazaryndan dünýä bileleşiginiň öňünde ileri tutýan halkara başlangyçlarynyň wajyplygyny esaslandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýa we tebigaty goramak wezipelerini häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň hatarynda goýýar. Daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmak bilen, häzirki durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp şerti hökmünde öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan «ýaşyl ösüşiň» strategiýasynyň milli derejede ykrar edilmegi aýdylanlary aýdyň tassyklaýar. Ýurdumyzda raýatlaryň mynasyp durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde öňe çykýar. Şunda jemgyýetçilik ösüşini tebigy gurşawyň kanunalaýyklyklary bilen sazlaşdyrmagyň we ylmyň gazananlaryny tejribede ornaşdyrmagyň ykdysady, hukuk, guramaçylyk hem-de maddy-tehniki esaslaryny berkidýän toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi ekologiýa taýdan arassa ösüşi nazarlaýandygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda dünýä tejribesiniň göz öňünde tutulmagy arkaly durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagynda ekologiýa howpsuzlyk kadalaryň berk berjaý edilýändigi, täze önümçilik kärhanalaryň gurluşygy, hereket edýän beýleki desgalaryň durkuny döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak, kämil tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp düzmeleri, innowasion «nou-haulary» we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň hatarynda «Ýaşyl port» adyna eýe bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, ýurdumyzyň gazhimiýa toplumy, gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçiligi, bir tarapdan milli ykdysadyýetiň senagatlaşýandygyny alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, halkymyzyň ykdysady-durmuş ösüşinde wajyp ähmiýetli desgalaryň önümçiliginiň halkara ekologiýa standartlaryna laýyklykda ýola goýulýandygynyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiň ekologik taýdan arassa ugruna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary hem-de edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşmagynda ilkinji nobatda halkymyzyň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegine wajyp şertleriň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň tassyklaýar.
Ata-babalarymyzyň milli ahlak we edep kadalary bilen sazlaşýan ekologiýa kanunçylygynyň hukuk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasyndan gözbaş alýar. Hususan-da, her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygyny berkidýän konstitusion kada jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetiniň özenini düzýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ýer, Suw we Tokaý kodeksleri ýaşaýşyň dowam etmegi üçin amatly şertleri üpjün edýän tebigy obýektleri azalmakdan, zeper ýetirilmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki täsirlerden goramagyň kadalaryny, olaryň her birine döwletimiziň aýratyn goragyny hukuk taýdan berkidýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasaty netijesinde, howanyň arassalygyny gorap saklamagyň we şäherleri, obalary gurşap alýan gök zolaklaryň döredilmegine gönükdirilen ählihalk bag ekişligiň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi halkymyzyň sagdyn daşky gurşawa bolan konstitusion hukugynyň üpjün edilmegine, tebigy baýlyklarymyzyň ertirki nesillerimiz üçin goragynyň berjaý edilmegine giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň dabaralanmagynda hem uly ähmiýete eýedir.
Bägül BEKÇIÝEWA