Guýmagursak zehin
Onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary gazaply urşa hem-de onuňyz ýanyndaky kynçylykly ýyllara gabat gelse-de, ruhdan düşmän oba oglanjyklary bilen güýjüniň ýetdiginden zähmet çekdi, obanyň çekenesini bakdy, okady, bilim aldy.
«Kluba kino gelipdir...» diýen şatlykly habary eşitse, el-ýüzüni ýuwup, tämiz köýnejikleriniň birini geýip, oba klubyna tarap ýelk ýasardy. Görkezilýän filmiň ýekeje pursadyny hem sypdyrman, düýrmegi bilen kinofilme berlip, tomaşa ederdi, filmden soň hem ondaky gahrymanlara öýkünerdi.
Ol 1955-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Baku şäherindäki lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Okuwyny gutaryp, Aşgabat şäherinde lukmançylyk ugrundan işläp başlasa-da, ýüreginiň bir künjünde sungata bolan söýgi, onda-da kino sungatyna bolan söýgi gizlenip ýatyrdy. «Bendäm bendäme sebäp» diýlişi ýaly, guýmagursak zehin Akmyrat Bäşimowyň kino sungatyna gelmegine geçen asyryň 60-njy ýyllarynda telewideniýede işläp ýören Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow, Hommat Kakajanow, Bäşim Gurbanow, Aýnabat Amanlyýewa ýaly režissýorlar sebäp bolýarlar. Olar sahnalaşdyrylan telespektakllarynda oňa dürli häsiýetdäki keşpleri ynanýarlar.
Telerežissýor B.Gurbanow «Pawlik Morozow» teleoýnunda oňa baýyň keşbini ynanýar, halypanyň oýnan keşbi şowly çykýar, režissýoram, tanyş-bilişlerem Akmyrat aganyň bu işine gowy baha berýärler. Ilkinji ädimiň uly bolmadyk, emma örän ähmiýetli üstünligi üçin lukman-artist ganat bekleýär, täze-täze üstünliklere ruhlanýar.
Akmyrat aga görnükli aktýor, kinorežissýor hem dramaturg Baba Annanowyň «Gitjek bolup gelemok» atly teleoýnunda çaýçy Işanyň keşbini hem ussatlarça ýerine ýetirýär. Ekranda mekir, ak köýnek-balakly, bili guşakly, eli çyr-çyrşak süpürgiçli, çäýnekli başagaý bolup ýören Işan peýda bolýar. Şu pursatdan başlap, ol telegörüjileri has-da özüne çekýär. «Elhepus, şu artistiň oýnaýşyna telpek goýaýmal-ow» diýşip, olar telewizoryň öňüne tarap omzaşar ekenler. Akmyrat Bäşimow birnäçe teleoýunlarda, «Gyzyl galstuk», «Güneşli Türkmenistanyň aýallary», «Ýartygulak» atly teležurnallarda yzygiderli çykyş edýär. Şeýdip, artist tebigy zehini bilen teletomaşaçylara özüni aldyrýar.
«Aý dogsa, älem görer» diýlişi ýaly, Akmyrat Bäşimowyň ýiti zehini, wäşiligi, daşky sypaty, mydama hereketde, kiçijik, janly hem-de birneme mekirräk gözleri kinorežissýorlarda uly gyzyklanma döredýär.
Şol wagtky «Türkmenfilmde» ululy-kiçili kinokeşpleriňbirnäçesini ussatlarça janlandyrýar.
Kinorežissýor T.Sabyrowyň «Şasenem-Garyp» filminde ýasawulyň, H.Agahanowyň «Horaz» kinofilminde birnäçe gyzdan soň, ogly bolan bagtly kakanyň, E.Haçaturýanyň «Çöl» filminde Alynyň, H.Narlyýew bilen H.Güseýinowyň «Tüssesiz ot bolmaz» filminde sada daýhan ýigit Geldiniň, H.Narlyýewiň «Ak tümlüginde» montýor Serdaryň, P.Mansurowyň «Gyrnak» filminde batrak Çörliniň, H.Narlyýewiň «Gämiçiniň jany birinde» balykçy ýigit Ýazhanyň, P.Mansurowyň «Ölüm ýokdur, oglanlar!» filminde gazak ýigidi Kinjibaýewiň, A.Karpuhiniň «Döwranyň başdan geçirenlerinde» emelsiz Oraz awçynyň, A.Karpuhin bilen M.Söýünhanowyň «Meniňdostum Meleguşunda» Bäşimiň we beýleki birnäçe filmlerde ýatdan çykmajak keşpleriň ençemesini döretdi. Elbetde, bu sanawy entek hem dowam etseň edibermeli, emma halypanyň döreden iki sany kino keşbiniň üstünde has-da giňişleýin durulsa, ýerlikli bolarmyka diýýäris. Türkmen teatr we kino sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädimindäki» Pökgi walasy ýadyňyzda bolsa gerek.
Ol täze durmuşy ýazgarýar, gurply adamlaryň gullugynda hemişe tigirlenip ýör, öz bähbidi ugrunda her hili hyýanatçylykdan gaýtmaýar. Mekir, adamkärçilikden daşdaky adam. Keşp özüniň çeperçilik gerimi boýunça epizodik häsiýetden esasy gahrymanlaryň derejesine baryp ýetýär. Bu keşpde gahrymanyň häsiýeti ýaramaz bolsa-da, aktýor ekranda görnen badyna, ýylgyranyňy duýman galýarsyň.
Onuň Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi H.Kakabaýewiň «Laçynyňogurlanmagy» kinofilmindäki Gulam çaýçysy diýseň hoşgylaw, göwnaçyk, dynç almaga gelýän adamlary tüýs ýürekden kabul edýär, täze durmuşy gurmak ugrundaky synpy söweşe gatnaşýar, ogly daşary ýurt basybalyjylarynyň eline düşende, Gulam çaýçy bu barlyşyksyz söweşe has ykjam gatnaşýar we wepat bolýar. Biz aktýory bu keşpde görüp, birjik-de ýylgyramzok. Filmde onuň döredijiliginiň ýene bir tarapy — dramatik tarapy aýan bolýar. Elbetde, bu onuň guýmagursak zehinini görkezýär.
1979-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Bütinsoýuz kinofestiwalynda bu film baş baýraga mynasyp bolýar. Filmiň döredijilik toparyna bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berilýär.
Aktýoryň döredijilik ussatlygy nämeden ybarat, näme üçin kinorežissýorlar Akmyrat Bäşimowyň duşundan geçip bilmediler, näme üçin ony kinoda surata düşürmek maksady bilen ýerli-ýerden ony «çekeläp» başladylar?
Bu sowallara bir söz bilen jogap bermek kyn. Ýöne bir zat welin, hakykat. Ol çagalygyndan başlap, artistleriň her bir hereketini, mimikasyny öwrendi, olardan soňky döredijilik işlerinde peýdalandy, tele we kino kameralarynyň öňünde özüni erkin duýdy, uly artistleriň ussatlygyny öwrenmegini dowam etdirdi, esasan hem ol ynanylan gahrymanyň keşbini artist bolup oýnaman, ýüreginiň bir bölegini bagyş edýär, keşbine on iki süňňi bilen berlip, tomaşaçyny ynandyrýar. Käbir gowşagrak keşpleri özüçe baýlaşdyrýar. Bu, megerem, onuň ussatlygynyň özenidir. Akmyrat Bäşimow hakynda söz açylanda, «Ol ynsan kalbynyň lukmany» diýer ekenler. Bu onuň asyl käriniň lukman bolandygyndan däl-de, 30-a golaý filmde gülküli keşpleri döredip, tomaşaçylara şatlyk paýlap, ömürlere ömür goşandygy üçin bolsa gerek. Onuň üçin kino keşpleriň uly-kiçiliginiň parhy ýokdy. Ol: «Kiçi keşp ýok, kiçi iş bar» diýer eken.
Komediýa aktýory Akmyrat Bäşimowyňady goňşy ýurtlaryň kinematografiýaçylarynyň arasynda-da bellidi. «Ak roýal», «Pagta hakynda poema» ýaly filmlerde onuň döreden açyk göwünli gahrymanlary tomaşaçylaryň göwünlerinden turdy.
Ussat aktýor daşary ýurt filmlerini türkmen diline geçirmekde-de köp hem öndümli işledi, 80-e golaý film zehinli artistiň gatnaşmagynda türkmen diline geçirildi.
Tebigy zehinli aktýor birgiden nusgawy keşpleri döredip, tomaşaçylaryň söýgüli kino ýyldyzyna öwrüldi, ol milli kino sungatymyza ölçegsiz uly goşant goşan halypalaryň biridir. Onuň döreden köp sanly keşplerini sungaty söýüjiler häzir hormat bilen ýatlaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, Akmyrat Bäşimowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakdy. Bu bolsa halypanyň ak ýürekden çeken tutanýerli, halal zähmetine berlen ýokary bahadyr.
Myratnyýaz GURBANÝAZOW