Milli folklor eserlerimiziň terbiýe gönezligi Hüwdüler


Milli folklor eserlerimiziň terbiýe gönezligi

Hüwdüler



Paýhasly pederlerimiz uzak taryhy dowürleriň dowamynda maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, olary kem-kemden kämilleşdirip, nesillere miras galdyrypdyrlar. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan halypa-şägirtlik ýoly bilen hem-de halkyň hakydasy arkaly biziň döwrümize-de gelip ýetipdir.

Maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähli görnüşleri-de halk döredijiligidir. Çünki hatar gurap oturan türkmen obalarynyň her bir öýünde bir iş bilen meşgullanylypdyr. Kimler zergärçilik bilen meşgullansa, käbir öýlerde haly, tara, çäkmen dokalypdyr, possun tikilipdir, keşde çekilipdir, bedewler seýislenilipdir, maldarçylyk, ekerançylyk bilen meşgullanylypdyr. Bular maddy gymmatlyklary döredijilerdir. Ruhy baýlyklary döredijiler we ýaýradyjylar bolan şahyrlar, bagşy-sazandalar, halky eserleri döredip, ile ruhy lezzet paýlapdyrlar. Halka ruhy iýmit paýlaýanlaryň sylag-hormaty uly bolupdyr. Olary diňlemek üçin hatda goňşy obalara-da gidipdirler. Çünki adama ruhy iýmit zerurdyr.

Maddy we ruhy miras medeni mirasyň özenini düzýän gymmatlyklardyr. Maddy miras gözleriňi dokundyrsa, ruhy miras adamlary kämillige atarýar, dynç berýär, terbiýeleýär, dogry ýola salýar, maslahat berýär. Ol ruhy gymmatlyklaryň gözbaşynda halk döredijilik eserlerimiz hem bardyr. Şol dürdäne eserleri döredenler hem biziň ene-mamalarymyzdyr, ata-babalarymyzdyr. Bu ajaýyp eserler durşy bilen pähim-paýhasa ýugrulan genji-hazynadyr, tükeniksiz baýlykdyr. Enelerimiz öz çagalaryny ajaýyp halk döredijilik eserleriniň mysalynda terbiýeläpdirler. Halkyň döreden dürdäne eserleriniň şu günlerde hem terbiýeleýjilik hyzmaty uludyr. Eneleriň mähri siňen hüwdüler, pederlerimiziň paýhasy bilen dörän nakyllar, gülki paýlaýan şorta sözler, ýomaklar, degişmeler we beýleki kän sanly ajaýyp eserler ilhalar, watansöýüji we ruhubelent nesilleri kemala getirmäge ýardam beripdir.

Halk döredijiligi eserleri beýik şahsyýetleri terbiýelemekde hem iňňän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ene-atalar tarapyndan perzentleriň aňyna guýlup gelnen bu baý hazyna öňi bilen Watanyňy söýmegi, ýagşy niýetli bolmagy, zähmetsöýerligi, ak ýürekliligi, halal ýaşamagy, özüňden ululary sylamagy, kiçileri söýmegi, umuman, özüňe bagyş edilen ömri mynasyp ýaşamagy öwredýär. Ol eserler halkymyzyň milli aýratynlygyny, däp-dessurlaryny, ynançlaryny, alkyş-dileglerini dolulygy bilen şöhlelendirýär.

Milli folkloryň dürdäne nusgalarynyň biri-de ene ýüreginiň guwanjy-buýsanjy, şatlygy, ýagşy arzuw-niýetleri siňen, gadymylygy bilen tapawutlanýan hüwdülerdir. Çaganyň mukaddes azandan soň, ilkinji gezek ene hüwdüsinden gulagy ganýar.

Türkmeniň mukaddes, keramatly ojagynyň törüniň ýaraşygy bolan sallançak ýanynda aýdylýan, ene kalbynyň täsin owazy bolup ýaňlanýan hüwdi bentleri nesilleri söýgülemegi dowam etdirýän ruhy baýlykdyr. Ajaýyp mahmal owaza ýugrulan hüwdi, bir tarapdan, kiçijik çagany meýmiredip uka batyrsa, başga bir tarapdan, şirin owaza diňşirgenip, manysyny kalbyna siňdirip oturan uly ýaşly çagalaryň terbiýesine-de güýçli täsir edýär. Ene hüwdüsi terbiýäniň gözbaşydyr.

Ýedi çileden çykarylan çagany, milli ynanja görä, enesi ýa-da mamasy sallançaga salyp hüwdüläp başlaýar. Ol ýol başlap berenden soň, ýaş çagany gyz dogany, ejesi, enesi, mamasy maşgaladaky aýal-gyzlaryň ählisi hem huwwalap biler. Hüwdülerde durmuşda gabat gelýän ähli zatlar barada söhbet açylýar. Hüwdüleriň her bendinde edep-terbiýe, mähir-muhabbet bar. Hüwdi setirlerinden çaga bildirilýän söýgi, ynam-umyt, ýagşy niýet barada kän zat öwrenmek bolýar. Olarda çaganyň geljegi barada süýji arzuwlar beýanyny tapýar:

Meniň ballym has ýigit,
Eker bagynda çigit.
Atlanyp awa çyksa,
Ýanynda segsen ýigit.
Segsen ýigdiň serdary,
Öz öýlerniň mydary.

ýa-da:

Oglum meniň ner bolar,
Arslan bolar, şir bolar.
Ulalyp, gulluk etse,
Uly serkerde bolar.

ýa-da:

Aýgözelim otursyn,
Eline ýüwse ötürsin.
Akja keçäň üstünde,
Gaýma gaýap otursyn.

Şular ýaly bentlerde ene ogul perzendiniň atasynyň, gyz perzendiniň enesiniň kesp-kärlerini dowam etdirmegini isläp, arzuwlaryny hüwdi bentlerine siňdirýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp eserinde halkyň döreden şahyrana eserleri hakda gürrüň gozgap, nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolan hüwdüler barada şeýle pikir ýöredýär: «Şahyrana halk eserleriniň görnüşine we mazmunyna, ruhy-durmuş ähmiýetine görä ýerine ýetirilişi-de dürli-dürlüdir. Iň körpeje çagajyklara bagyşlanan halk eseri hüwdülerdir. Mährem ene kalbynyň töründen joşup çykýan hüwdi aýdymlarynyň sözleri-de, heňi-de çaga kalbynyň jümmüşinde yssy mähir, nurana duýgulary oýarýar, ony heniz sallançakdaka söýgi-muhabbetiň gujagynda üwreýär». Hormatly Prezidentimiz pederlerimiziň nesillerine galdyran ajaýyp ruhy mirasy hakda aladalaryny yzygiderli dowam etdirip, şol gymmatly hazynanyň içgin öwrenilmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýär, öz çykyşlarynda milli miras, oňa aýawly çemeleşmek boýunça işlere aýratyn üns berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halk hakydasynyň dürdäneleri bolan milli folklor eserlerimiziň her bir žanrynyň, her bir görnüşiniň nesil terbiýesindäki ornuna uly ähmiýet berýändiginiň beýanydyr.

Gurbanjemal YLÝASOWA