Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri


Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýerewanyň döwlet Kamera horunyň açan konserti bilen başlanan Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri Türkmenistanyň 2015-nji ýylda bu döwlete guralan Medeniýet günleriniň dost-doganlyk jogaby hökmünde adamlaryň ünsüni özüne çekdi.

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde häzirki zaman ermeni suratkeşleri öz eserlerini sergilemek bilen, bu ýurduň iň gözel ýerleri hakynda owadan suratlar arkaly giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem dünýä belli ussat suratkeş Martiros Sarýanyň surat eserleri sergi tekjelerini bezedi. Şu ýerde ýene bir zady, bu ussadyň belli kartina eserleriniň paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýandygyny bellemelidiris. Bu suratkeş, esasan, Orta Aziýanyň, has-da Türkmenistanyň nakgaşlarynyň eserlerindäki reňk sazlaşyklary bilen gyzyklanýar. Türkmen topragyna kän gezekler syýahat etmek bilen, ol eziz Diýarymyzyň özboluşly gözelliklerini polotno eserlerinde beýan etmek arkaly uly abraýa eýe boldy. Şeýle-de ol surat eserlerini biziň halkymyz üçin türkmen topragynda galdyrdy. Şeýlelikde, onuň kyrka golaý surat eseri sergi tekjelerini bezedi. Bu surat eserleriniň ählisinde ussat suratkeşiň ene topraga, onuň özboluşly dag-düzlerine, merdana türkmen halkyna bolan söýgüsine esaslanýan dünýä gözelliklerini görşi, bu ugurdan pikir ýörediş inçelikleri öz beýanyny tapýar.

Bir tarapdan bu ýere gelenler, hususan-da, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary «Terýan medeniýet merkezi» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri bilen özara söhbetdeşlik geçýän wagty, ýene bir ýerde, olaryň ýene bir topary, kino sungatyny söýýänler «Aşgabat» kino-konsert merkezinde ermeni kinematograflarynyň kinolary bilen tanyşdylar. Şatlyk-şagalaňa beslenen Medeniýet günleriniň jemi ikitaraplaýyn dostana gatnaşyklara esaslanýan doganlyk-dostluga beslenen türkmen hem ermeni halklarynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki jemleýji aýdym-sazly çykyşlary bilen jemlendi.