“Bitaraplyk dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan”


“Bitaraplyk dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan”



Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylyna bagyşlanyp “Bitaraplyk dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan” ady bilen wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

Türkmenistan bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplyk baýdagynyň astynda dünýäde ählumumy parahatçylygy, milli howpsuzlygy, şeýle hem bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny gorap saklamagyň we berkitmegiň aýdyň ýoluna düşen döwlet hökmünde tanalýandygy, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelere esaslanýan işjeň daşary syýasat strategiýasy diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň däl, bütin dünýäniň syýasy atmosferasyna oňyn täsir edýän kuwwata eýe bolýandygy, Bitarap döwletiň milli Lideri hökmünde dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dabaralanmagyny her bir çykyş edenler nygtap geçdiler.

Wagyz - nesihat çäresiniň ahyrynda asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegine uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edildi.