Heýkeltaraşlaryň bäsleşigi
Her güni toý-baýrama beslenýän eziz Diýarymyz ylymyň-bilimiň, medeniýetiň we sungatyň özara utgaşykly ösýän mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler, sergiler we bäsleşikler özara dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ösdürmäge uly itergi berýär.
2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda Watanymyzyň sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli heýkeltaraşlaryň bäsleşik sergisi açyldy. Bu sergä 10 sany daşary ýurt döwletlerinden 40-a golaý zehinli heýkeltaraşlar,
şeýle-de Türkmenistandan ençeme zehinli heýkeltaraşlarymyz öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşikde Russiýa Federasiýasyndan Igor Burganowyň, Ermenistan Respublikasyndan Haýk Tokmajýanyň, Özbegistan Respublikasyndan Nodirbek Usmanowyň, Mongoliýadan Baýasgalan Batmagnainiň, Türkmenistandan Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň, Artyknazar Meredowyň, Amanmuhammet Hydyrowyň, Maksatmyrat Hojainowyň, Muhammetnyýaz Öwezalyýewiň, ýaş talyp Maksat Bazarowyň ýasan heýkel eserleri baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýaş heýkeltaraş Patdyk Patdykowyň döreden “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly uly göwrümli taslama eseriniň baş baýraga mynasyp boldy. Bu heýkeltaraşlyk sergisiniň gerimi juda giň. Birnäçe döwletlerden gatnaşýan heýkeltaraşlaryň we türkmen heýkeltaraşlarynyň dürli žanrlarda ýasan heýkel eserleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýyna özboluşly gelişik berip, bezäp dur. Bu ýerde portret eserleri, animalistik žanrda döredilen janly-jandarlaryň keşpleri, dürli temalary açyp görkezýän tematiki eserler biri-biri bilen utgaşyp, ýiti täsirliligi ýüze çykarýar. Parahatçylygy, asudalygy, bagtyýar durmuşy, zähmetsöýerligi hem şular ýaly ajaýyp duýgulary wasp edýän bu eserler häzirki zaman dünýä heýkeltaraşlyk sungatynyň özboluşly ösüşini şöhlelendirýär.
Biri-birinden owadan hem çeper ýerine ýetirilen heýkeller tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu sergi özara dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ýaş talyplaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ösdürmäge, ýurtlaryň arasynda özara tejribe alyşmaga giň ýol açdy. Şeýle-de, ol dünýä heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhyna hemişelik ýazyljak möhüm wakalaryň biri bolup, biziň günlerimizde bu çylşyrymly hem nepis sungatyň ösüş derejesini has aýdyň ýüze çykardy.
Gülnara Kurbanmuhammedowa