Dag syýahatçylygy
Dag syýahatçylygynda gezelençler dag ýerlerini pyýada ýagdaýda geçmeklik, 3000-3500 metrden beýik bolan geçitlere çykmaklygyň, gaýa böleklerini, uçut gaýalary, gerişleri, eňňitleri, buzluklary we dag çaýlaryny geçmekligiň hötdesinden gelmeklik maksady bilen guralýar. Dag syýahatçylygy üçin hem ýöriteleşdirilen esbaplaşdyrma, gurallaşdyrma talap edilýär: syýahatça buz ýaryjy kerki, dag ýokarysy üçin niýetlenen köwüş, gaýa garmagy, buz garmagy, uzyn tanap ýüp we beýleki enjamlar gerek. Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigaty täsinliklere örän bäý. Tebigatyň şol gözelliklerini we tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, gymmatly çig mal hökmünde senagatda giňden peýdalanylýan tebigy baýlyklara aýawly çemeleşip, olary halkymyzyň abadançylygyna gönükdirmek esasy wezipeleriň biridir.
Watanymyzyň senagat önümçiligi üçin ägirt möçberde çig mal gorlary bolan, tebigy baýlyklara eýe bolan künjeklere daglyk künjekler hem girýär. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň dag magdanlaryny baýlaşdyryjy iri toplumyň kadaly işiniň ýola goýulmagy, bu ugra degişli iri senagat kärhanalarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, tebigy baýlyklardan peýdalanyp, täze önümçilik desgalarynyň gurulmagy halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyna gönükdirmek ugrunda alnyp barylýan möhüm işlerdir.Ýurdumyzyň tebigy dag gözelliklerini göwsünde jemlän ýerlerimiziň biri Köýtendagdyr. Lebap welaýatynyň esasy tebigy dag gözelligi bolup durýan Köýtendag dag depeleriniň ulgamy Gissar belentliginiň günorta-günbatar dag şahasy bolup, türkmen topragynyň hakyky dür-merjenidir. Bu ýeriň tebigatynyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, Köýtendagyň gerişlerinde we gowaklarynda-da dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelinýän täsinliklere gabat gelmek bolýar.