Hakyky dost


“Hakyky dost”



Goturow, A. Hakyky dost / A. Goturow; sur. Ki Ji Ýoň. – Seul, 2019. – 28 s. Bu ertekili kitabyň maksady – çagalara adamlaryň häsiýetleriniň köpdürlüligini görkezmekden ybarat bolup durýar.

“Hakyky dost” atly ertekidäki haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň häsiýetini şekillendirýär. Jemgyýetiň arasynda kesir adamlara duş gelýarsiň, olar ýaly adamlara eşek diýlipdir, mekir we bet niýetli adamlarada mar (ýylan) diýilipdir.

Beýleki tarapdan, daş sypaty howply we tikenli kirpi bolsa, gaýtam, düşünjeli we kömek berýän bolup çykýar. Hakykatdan hem, dünýäde dürli adamlar köp bolýar. Şol köp adamlar hakyky ýüzüni gizlejek bolsalar hem wagtyň geçmegi bilen olaryň hakyky keşbi aýan bolýar. Bu kitapyň okyjylar üçin gymmaty uly bolar.