DEHISTANYŇ ORTA ASYR JUMA METJIDI
Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Hazar deňziniň gündogar kenary bilen Türkmen-Horasan daglarynyň günbatar şahalarynyň aralagynda käýerlerde gum gerişleriniň çägelerine geçýän giň takyr düzlügi uzalyp gidýär. Bu ýerde bir mahallar durmuşyň gaýnap joşandygy barada habar berýän näbelli desgalaryň, galalaryň harabalary we ýer ýüzünde zordan bildirýän taşlanyp galan suwaryş ýaplaryň yzlary göze ilýär. Dogrudanda, bu sebitiň baý taryhy bolupdyr, onuň sahypalary ýuwaş-ýuwaşdan arheologlar tarapyndan açylyar. Suwaryş ekerançylygy bu ýerde biziň eýýamymyzdan öňki II müňyyllygyň soňunda döräp, bir mahallar bol suwly Etrek deryasyndan çekilen suwaryş kanallar arkaly, tä biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli gülläp ösüpdir. Antik zamanynda ýaşan gadymy grek taryhçysy Strabonyň galdyran taryhy maglumatlarynda hem bu ýerler giň we bol hasylly, örän ähmiýetli şäherleri bolan ülke hökmünde häsiýetlendirýär. Biziň eýýamymyzyň
öňi syrasynda bu ýerde gadymy taýpalaryň uly birleşmesi mekan tutunýar, olar esasan dahlar (Strabonyň galdyran ýazgylary boyunça daýýlar) emele getirýär. Wagtyň geçmegi bilen taýpanyň ady sebitiň adyna geçip, ol Dehistan (ýa-da Dahistan) diýlip atlandyrylýar. Orta asyrlarda bütin etrap we onuň esasy şäheri hut şeýle ady bilen bellidi.
XI asyrda-XII asyryň birinji ýarymýyllygynda Dehistan seljuk-türkmen döwletiniň düzüminde bolmak bilen gülläp ösen welaýatlaryň birine öwrülipdi.
Ilkibaşda Beýik Seljuklar nesilşalygy tarapyndan dolandyrylan kuwwatly
türkmen-oguz döwletiniň, soňra Horezmşalaryň imperiýasynyň düzüminde bolan döwürlerinde Dehistan özüniň iň bir gülläp ösen döwürlerini başdan geçiripdir diýlip hasap edilýär. Hut Dehistanyň üstünden Horezmiň şäherlerini Girkaniýanyň üsti bilen Wizantiýa we arap ýurtlary bilen baglaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri geçipdir.
Öz döwründe ägirt uly göwrümli desga bolan bu metjitden biziň günlerimize çenli peşdagyň direg diwarlary we minaralary saklanyp galypdyr.
Peştagynyň ýüz tarapy arka aýlawynyň başlanýan ýerine çenli jübüt kerpiçler bilen örülip, üç sany bezeg zolagy bilen başlanýan, birinji zolak terrakota tekizliginiň ýüzünde mawy syrça çaýylan ýiti ýaprakly keşdeden ybarat bolan nagyş bilen bezelen. Ikinji zolagyň gyralary dikligine we keseligine goýlan jübüt kerpiçleri bilen örülen. Bu zolagyň orta meýdanynda bolsa sekizgraňlaryň sepleşiş usulynda gurlan geometrik nagyşlary ýonulan kerpiclerden ýygnalan. Ini iň uly bolan gyraky zolagyň ýüzüni bolsa mawy syrcaly elementlerden ýygnalan gülläp ösýän ösümligi ýatladýan kufi görnüşdäki sepleşýän ýazgy bezeýär.
Peştagyň iki gyrasyny bezeýän ýarymaýlaw sütünjikler peştagyň boýnunyň gutarýan ýerine çenli galýar. Arkanyň arhiwolty burum-burum baldak görnüşli ösümlik nagyşy bilen bezelip, üstünden bolsa, mawy reňkli arap yazuwynyň “nash” tärinde ýazylan ýazgy ýerleşdirilipdir. Gynansak-da, peştagyň bu bölegi gowy saklanyp galmandyr, şol sebapli
G. A. Pugaçenkowadan alnan maglumatlary getirýäris. Onuň bellemegine görä arkanyň arhiwoltyny alebastr laýynda doňdurylyp goýlan Z-şekilinde kesilen kerpiçlerden örülen keşdeli nagyşlar bezäpdi.
Arkanyň iç ýüzündäki diwarlaryň ählisiniň ýüzi suwalyp, oýma nagyşlary bilen bezelipdir. Peştagyň direg diwarynyň gapdallary arkanyň başlanýan ýerine çenli basganjak görnüşindaki göller bilen bezelen. Arkanyň direginiň başlanýan ýeriniň zolagy (impost) inçe ösümlik nagyşlary bilen doldurylypdyr.
Akademik A.A.Semýonow tarapyndan okalan peştagyň yüzündäki ýazgyda (onuň başy günbatar diwarynda yzy bolsa gündogardakyda) şeýle diýilýär: “Bu arkany (ymaraty) guran...dünýäniň we diniň belentligi, yslamyň we bendeleriň goragy, hudaýyň ýerdäki kölegesi, soltan Muhammet, soltan Tekeşiň ogly, musulmanlaryň hökümdarynyň (elindäki) delili”. Görşümiz ýaly ýazgy 1200-1220-nji ýyllarda Dehistanyň hem çägini öz içine alan ägirt uly imperiyany dolandyran horezmşa Muhammediň döwründe bu arkanyň (başga terjimä görä peştagyň) bina edilendigi barada habar berilýär.
Peştagyň arkasynyň sofidindäki ýazgy bolsa bu binany guran ussalaryň (belki bezegçileriň) atlary Abul Huseýin ibn-Muhammet an-Naka we Muhammet ibn al-Huseýin an-Naka bolandygy barada mälim edýär.
800 ýylyň dowamynda ýadygärlik ep-esli ýitgä sezewar boldy. Ajaýyp bezegli peştagyň iki direg diwarlarynyň ýokarky bölekleri ýykylmak howpy astyndady.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi Dehistanyň orta asyr Juma metjidiniň peştagyny rejelemeginiň taslamasyny teklip etdi. Bu taslama “Medeni mirasy goramak” meýilnamanyň çägindäki ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçiniň Gaznasy tarapyndan goldandy.
Bu taslama peştagyň weýran bolmagyna howp abanan bölekleriniň berkidilmegine we bölekleýin rejelenmegine hem-de kerpiç örümleriň saklanyp galan bölekleri düýpli öwrenilenden soň peştagyň direg diwarlary biri-biri bilen birleşdiren we 100 ýyl mundan ozal weýran bolan arkanyň arhiw fotosuratlaryň esasynda dikeldilmegine gönükdirilendir.
Işler direg diwarlaryň ikisiniň-de tehniki ýagdaýlarynyň öwrenilmeginden başlandy. Bu işleri amala aşyrmak üçin çekilen arhitektorlar we konstruktorlar direg diwarlary konstruktiw-inženerlik taýdan berkitmek boýunça teklipleriň birnäçe görnüşini işläp taýýarladylar. Milli müdirligiň Ylmy-usulyýet geňeşinde bu teklipleriň iň amatlysy saýlanyp seçildi.
Taslamany ýerinde amala aşyrmak işleri Köneürgençli tejribeli rejeleýji ussa Y.Asgarowyň ýolbaşçylygyndaky rejeleýjiler topary tarapyndan ýerine ýetirildi.
Taslama boýunça işler amala aşyrylan mahalynda, peştagyň direg diwarlarynyň berkliginiň kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen, onuň günorta tarapynda çala göze ilýän saklanyp galan yzlarynyň esasynda metjidiň baş otagynyň üstündäki konstruksiýanyň käbir arkalary dikeldildi.
Indi bolsa metjidiň peştagynyň dikeldilen arkasy diňe direg diwarlary konstruktiw taýdan berkitmek bilen çäklenmän, şeýle hem ol direg diwarlaryň gapdallarynyň ýüzündäki we arkanyň başlanýan ýerindäki böleklerde saklanyp galan oýma nagyşlaryň galyndylaryny goralmagyny üpjün edýär.