Çagalar Sagaldyş We Dynç Alyş Merkezinde Geçirilen Söhbetdeşlik


«Beýik Serdaryň Ruhubelent Nesilleri» Çagalar Sagaldyş We Dynç Alyş Merkezinde Geçirilen Söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bellenilen meýilnama laýyklykda 2020-nji ýyla, ýagny “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlap, gyşky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda myhmançylykda boldy.

Ol ýerde kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen bilelikde özara sorag-jogap alyşdylar. Çagalar öz okan kitaplary esasynda dürli ertekidir hekaýalary aýdyp berdiler. Öwrenen goşgularyny labyzly okap berdiler. Hünärmenleriň okap beren ertekilerini uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Tapmaçadyr matallara ezberlik bilen jogap berdiler. Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde gurnalan göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.