Köne Nusaý we Täze Nusaý
Gadymy Parfiýanyň ilkinji paýtagty bolan Nusaý şäherini Gündogaryň dürli künjeklerinden gözläpdirler. Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyň ýörite toparynyň birnäçe işleriniň netijesinde ylymda, onuň ýerleşýän ýeri kesgitlenilipdir. Köne Nusaýyň we Täze Nusaýyň gadymy şäheriniň keşbini häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Bagyr obasynyň golaýynda häzirki wagtda Köpetdagyň etegindäki belentlikde görmek bolýar. Köne Nusaý we Täze Nusaý galalary diňe Orta Aziýada däl, asyl bütin dünýäde belli, meşhur mekandyr.
Köne Nusaýyň demirgazyk böleginde gazuw-barlag işleriniň netijesinde arhitektura binagärlik toplumynyň üsti açylýar. Ol ýerde parfiýa patyşalarynyň hazynasy we resminamalar saklanylýan ammar ýerleşipdir. Bu bölekde mermerden, altyndan, kümüşden, piliň süňkinden örän ussatlyk bilen ýasalan önümler hem-de kendir matanyň galyndysy tapylypdyr. Bu binagärlik toplumynda toýundan ýasalyp soňra reňklenen heýkeller hem ýüze çykarylypdyr. Geçirilen dowamly gözlegleriň netijesinde Köne Nusaý galasynda ybadathanalar toplumynyň ýerleşýändigi hem anyklanylýar.
Parfiýalylar bu galanyň adyny «Mitridatkirt» – ýagny Mitridat tarapyndan gurlan gala diýip atlandyrypdyrlar. Parfiýanyň patyşalarynyň iki sanysy Mitridat I (b.e o.171-138ý), Mitridat II (b.e.o.123-88 ý) adyny göteripdir.
B.e.ozalky II-I asyrlara küýze döwüginiň ýüzündäki hata esaslanyp bu ýeriň taryhy adynyň Mitridatkirt ýagny Mitridatyň galasy diýip atlandyrylandygy arheologlar tarapyndan kesgitlenilipdir.
Täze Nusaý galasy Köne Nusaýdan 1,5 km demirgazykda-günbatarda ýerleşýär. Halk köpçüligi Täze Nusaý galasynda ýaşapdyr. Bu galada hem gazuw-barlag işleriniň netijesinde birnäçe ýaşaýyş, dolandyryş binalarynyň bolandygy kesgitlenilipdir.
Köne Nusaý we Täze Nusaý galalarynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi we «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde möwsümleýin işler alnyp barylýar.