Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlarynda


Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlarynda



Gruziýada

Golaýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Tbilisiniň merkezinde, Tbilisi konsert zalynyň öňünde ýerleşdirilen uly monitorda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm görkezildi. Wideofilmde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, şeýle hem ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Bu şygar ynsanperwer ýörelgeler bilen berk bagly bolup, türkmen Lideriniň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen adamzat ösüşiniň ählumumy meýillerine doly derejede laýyk gelýän özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşini işläp düzdi. Görkezilen wideofilmiň kömegi bilen gruzin halky, paýtagtyň myhmanlary Türkmenistan barada köp maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Owganystan Yslam Respublikasynda

Hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurulýan 500 orunlyk metjidiň ýanynda hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň daş töwereginde köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygynyň işgärleri, ýurduň Daşary işler ministrliginiň, şeýle-de bu ýerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler, Akina şäherçesiniň häkimi, Akina gümrük gullugynyň ýolbaşçylary, nebitgaz we demir ýol edaralarynyň hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan tarapyndan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan ynsanperwer syýasata owgan halky ýokary baha berýär. Dabara gatnaşanlar türkmen Lideriniň adyna alkyş sözlerini aýdyp, Owganystanyň halkyna yzygiderli berýän ynsanperwer kömegi, goldaw-hemaýaty üçin hoşallyk bildirdiler.