Gadymy Amul galasynyň gymmatlyklary


Gadymy Amul galasynyň gymmatlyklary



Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy we medeni mirasy bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, ajaýyp zamanamyzyň many-mazmuny bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda şeýle anyk ädimleriň ädilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen mukaddeslikleriniň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine iňňän uly täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran tassyklanan “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri ýurdumyzyň ähli welaýtlarynyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag we berkidiş-rejeleýiş işlerini alyp bardylar. Bu taryhy resminama laýyklykda, arheologiýa, taryhy-medeni ýadygärlikleriň birbada 12-sinde gazuw-agtaryş, dikeldiş we rejeleýiş işleri alnyp baryldy.
Amyderýa örän köp wakalary başdan geçiripdir: birnäçe gezek ýaşaýyş bolup, ýene-de käbir döwrüň syýasy we beýleki sebäplere görä wagtlaýynça ýaşaýyş kesilipdir. Her döwürde hem derýa dürli hili atlandyrylypdyr. Görnükli Gündogary öwreniji arheolog S.P. Tolstow orta asyrlarda Amyderýanyň – “Kelif derýasy, Ürgenç derýasy, Balh derýasy, Amul derýasy, Horezm derýasy” ýaly atlarynyň bardygyny kesgitleýär. Ol grek taryhçysy Plininiň: “Oks derýasynyň akymynda amurt we pezik taýpalary ýaşaýar” diýen maglumatlaryna esaslanyp, derýanyň adynyň döremeginiň şol taýpalaryň ady bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigi hakdaky käbir çaklamany hem öňe sürýär.
Gündogar taryhyny öwreniji W.W. Bartoldyň pikiriçe, irki döwürlerde Amul diýip atlandyrylan bu şähere XVI asyrda Çarjuw galasy diýlipdir. 1497-1498-nji ýyllarda Çarhar gaýyk geçelgesiniň taryhyny ýazanda, orta asyr taryhçysy Babyr hem bu şäheriň söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýändigini belläp geçýär. Görnükli syýahatçy we taryhçy G.Wamberi “Çärjew” toponomini dört derýa, E.M. Murzaýew “derýanyň dört goly”, P.P. Pomeransew “dört akym” diýip terjime edipdirler. Ýerli ýaşulularyň aýtmagyna görä, ol “dört ýol” diýen manyny berýär, sebäbi bu ýerden dört tarapa söwda kerwen ýollary geçipdir.

Şäheriň dört derwezesi bolup, olar “Sakar, Merw, Garaköl, Bazar” diýlip atlandyrylypdyr. Ilki başda Çärjew şäherine “Diwanabat” diýlen bolsa, 1886-njy ýylda demirýol menzili gurlandan soň, Çarjuw diýipdirler. Ol 1940-njy ýylda Çärjew diýip resmileşdirilýär.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän gadymy Amulyň içki galasynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri arheologiýa gazuw-barlag işlerini alyp bardylar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky bu meşhur orta asyr şäherindäki ýaşaýşyň soňky döwürlerine degişli bolan medeni gatlaklary öwrenildi. Bu ýerde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-barlag işleriň dowamynda bişen we çig kerpiçlerden gurlan orta asyr otaglaryň diwarlarynyň galyndylarynyň üsti açyldy.
Amul galasyndan ýüze çykarylan orta asyr maddy medeniýetine degişli köp sanly tapyndylaryň hatarynda dag goçunyň şekili çekilen keramikadan ýasalan möhür hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu möhür ýasalyşy we şekili babatynda Kuşanlar döwrüniň (biziň eýýamymyzyň I-IV asyrlary) kybapdaş önümlerine häsiýetlidir. Bu tapyndynyň ýüze çykmagy Amul galasynyň entek antik döwürde hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gülläp ösen şäherleriň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.
Alymlaryň çaklamaklaryna we geçirilen gazuw-agtaryş işleri döwründe tapylan arheologik tapyndylaryň şaýatlyk etmegine görä, biziň eýýamymyzyň I-II asyrlarynda bu galanyň köp ilaty bolup, olar diňe ekerançylyk bilen meşgullanman, eýsem senetçilik bilen hem iş salyşandyklaryna şaýatlyk edýän ajaýyp subutnamalar ýüze çykaryldy. Tapylan ýokary derejeli çeperçilik sungatynyň eserleri palçykdan bişirilen adam we haýwan şekilleri, dürli-dürli küýze gaplary, ýerli senetçileriň iňňän ussatlygyny görkezýär.
Arheologiki tapyndylara görä, eýýäm baryp irki orta asyr döwründe, ýagny V-VI asyrlarda bu oba ösüp şähere öwrülýär. Emma şol döwürdäki şäheriň ady belli däl. Şäheriň Amul ady ilkinji gezek arap halyflarynyň köşk taryhçysy,
IX asyrda ýaşap geçen Abu-el Abbas Ahmet al-Belazuriniň eserlerinde agzalýar. Onuň galdyran ýazgylarynda VIII asyryň ortalarynda Amul şäheri Abbasidleriň goşun berkitmesi bolupdyr. IX asyrda ýaşap geçen, arap taryhçysy Ibn-Hordatbehiň ýazmagyna görä, Amul şäheri Merwden Mawerennahryň çäklerine gidýän söwda ýolunyň 36-njy farsahynda (1-farsah 6 kilometre deňdir) ýerleşipdir.
X asyryň arap taryhçysy Abu-Ishak Ibrahim al-Istahri özüniň geografiki eseri bolan “Kitab misalik al-memalik” (“ýurtlar we ýollar hakynda kitap”) eserinde şeýle ýazýar: “Amul Horasanyň ullakan we örän baý welaýaty. Amulyň ýanynda Jeýhundan geçelge bolup, ol söwda kerwenlerini geçirmäge hyzmat edýär”. XIII asyryň arap syýahatçysy Ýakutyň ýazgylarynda, Amul Merwden Buhara gidilýän kerwen ýolunda, Jeýhunyň günbatar kenarynda ýerleşen dünýä belli şäher bolup, ondan köp akyldar adamlar çykypdyr. Ýakutyň ýazmagyna görä, şäher mongollar tarapyndan ýumrulýar. Emma şäheriň geografiki taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi XIII asyryň ikinji ýarymynda täzeden dikelmegine mümkinçilik beripdir.

Türkmenstanyň Taryhy we medeni
ýadygärlikleri goramak, öwrenmek
hem-de rejelemek baradaky milli
müdirligi