Zyýarat syýahatçylygy – milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halky özüniň medeni mirasyna, taryhyna eýe bolýar we beýleki halklar bilen ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär.
Zyýarat syýahatçylygyny milli medeniýetimiziň bir bölegi diýip hasaplamak bolar. Şoňa görä-de, bu syýahatçylygyň raýat hukuk gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmak we işjeňligini ýokarlandyrmak milli medeniýetimize oňaýly täsir edýär.
Zyýarat diýen söz Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde birinji manyda keramatly ýerlere tagzym etmek, ikinji manyda görme-görüş, baryş-geliş diýlip düşündirilýär. Zyýaratyň dürli şertlerdäki ýüze çykýan manylary «Hem zyýarat, hem tüjarat, «Sebäp bilen zyýarat, palçyk bilen ymarat» diýen nakyllaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Şeýle hem sözlükde zyýarat etmek diýip, keramatly ýerlere aýlanmagy, baryp görmegi aňladýandygy görkezilýär.


Zyýarat syýahatçylygynyň esasy häsiýeti mukaddes ýerlere baryp görmek bolup, ol diňe bir dini talaplary berjaý etmekligi aňlatmaýar. Zyýarat etmek dünýeden öten dogan-garyndaşlaryň hatyrasyny tutmak, mukaddes ýerleri ylmy-taryhy, döredijilik maksatly öwrenmek, bilesigelijigini kanagatlandyrmak, gezelenç etmek, terbiýeçilik mugallymçylyk we ş.m. din bilen bagly bolmadyk maksatlar üçin baryp görmekligi-de öz mazmunynda häsiýetlendirýär.
Zyýarat syýahatçylygy dini zyýaratçylyk we adaty syýahatçylyk çygrynda amala aşyrylýar. Dini zyýaratçylyk dini parzlary we dini ynanjy ýerine ýetirmek, dini çärelere gatnaşmak maksatly bolýar. Meselem, Mekge şäherindäki mukaddes Käbä, Medine şäherindäki Muhammet Pygamberiň guburyna zyýarat etmek, din hadymlarynyň köpçüligiň öňünde berýän düşündirişlerine gatnaşmak we ş.m. Adaty syýahatçylykda dini obýektlere – mukaddes ýerlere zyýarat etmek dini häsiýetli we dini maksatly däldir. Meselem, mawzoleýlere, gahrymanlara, meşhur şahslara, belli bir taryhy waka bagyşlanan monumental ýadygärliklere zyýarat etmek, ol ýerde dymyp durmak, baş egmek, gül goýmak we ş.m. hatyralama dessurlaryny berjaý etmek. Adaty syýahatçylar üçin bu obýektleriň arhitektura gözelligi, taryhy we beýleki taraplary ähmiýetli bolup durýar.
Dini obýektlere zyýarat etmek – bu diňe syýahatçylyk hyzmaty şertnamasynyň predmeti bolanda zyýarat syýahatçylygy diýlip hasaplanyp bilner. Zyýarat syýahatçylygy bolmak üçin syýahatçylygyň esasy alamatlarynyň bolmagy zerurdyr. Wagtlaýyn bolunýan ýerde zyýaratçynyň azyndan bir gije ýatymlyk galmagy, zähmet gazanjy bilen meşgul bolmazlygy, syýahatçylyk hyzmatynyň azyndan ikisiniň (daşaýyş, ýerleşdiriş) tutuşlygyna berilmegi zyýarat syýahatçylygynyň üýtgewsiz alamatlarydyr.
Zyýarat syýahatçylygynyň, syýahatçylygyň beýleki görnüşlerinden tapawudy şertnamada komfortlylygyň nazarda tutulman bilinýänliginden, öz-özüňe hyzmat etmeklige eýerilýänliginden we özboluşly ýeňillikleriň berilýänliginden, esasynda ynam-ygtykatyň durýandygyndan ybaratdyr.

