Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleri


Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleri



Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm duralgalaryň biri bolan XI-XII asyrlara degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň ikinji tapgyry tamamlandy. Hünärmenler tarapyndan kerwensaraýyň otaglarynyň belli bir böleginiň iç ýüzleri arheologiýa taýdan arassalanyp binanyň aşaky binýady öwrenildi hem-de zerur bolan taslama çyzgylary düzüldi. Şol ylmy-taslama esasynda ýadygärligiň demirgazyk-gündogar tarapyndaky otaglaryň we içki howlyny gurşan däliziň uzak asyrlaryň dowamynda weýran bolmak derejesine baryp ýeten diwarlary asyl nusgasyna laýyklykda rejelendi. Amala aşyrylan rejeleýiş işleriniň netijesinde Daýahatyn kerwensaraýynyň merkezi howlusynyň demirgazyk-gündogar tarapyndaky otaglaryň diwarlarynyň ýykylmak, zaýalanmak howpunyň öňi alyndy hem-de olaryň ilkibaşky keşbi dikeldildi. Milli müdirligiň we onuň garamagyndaky «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan Daýahatyn kerwensaraýynda amala aşyrylan dikeldiş-jereleýiş işleri türkmenleriň orta asyr binagärlik sungatynyň bu ajaýyp ýadygärligini abat saklamakda hem-de geljek nesillere asyl nusgasynda geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri Daýahatyn kerwensaraýyny rejelemek işleriniň üçünji tapgyryna taýýarlyk görýärler. Bu tapgyryň dowamynda kerwensaraýyň esasy girelge tarapynyň daş ýüzüniň diwarlaryny rejelemek meýilleşdirilýär. Bu girelge ýadygärligiň örän wajyp ähmiýete eýe bolan şeýle hem ylmy – rejeleýiş işlerini talap edýän iň çylşyrymly bölekleriniň biridir.