GADYMY KÖNEÜRGENJIŇ BINALARY-ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MEDENI MIRASY


GADYMY KÖNEÜRGENJIŇ BINALARY-ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MEDENI MIRASY



Hormatly Prezidentimiz döwletimizde ylmy, bilimi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmekligi, halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi we wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm we wajyp wezipeleriň biri edip goýdy. Arkadag Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu ugurda saldamly işlere uly badalga berildi.
Türkmen halkynyň gadymy hem-de baý medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Muny Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindeki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hem doly tassyklaýar.
Biziň ýurdumyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýete eýedigini gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem doly derejede tassyklaýar . Indi bu ýadygärlikler umumadamzat gymmatlyklarynyň gazananlary bolmak bilen, olary geljekki nesiller üçin aýawly saklamak milli häsiýetli wezipedir. Abraýly halkara bilermenleriniň pikirlerine görä, Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak baradaky konwensiýa gyşarnyksyz eýerýär.
Il Arslanyň aramgähi (b.e XII asyr). Belli binagär alymlar G.A Pukaçenlowanyň, A.A. Asanowyň, S.P. Tolstowyň, N.B Halimowyň M.A.Mämmedowyň çaklamaklaryna göra, aramgäh XII asyryň ahyry hat-da ortalary bilen senelemek hem bolar. Desganyň gabarasy, binagärçilik bezegi we çeperçiligi Ürgenjiniň ýokary derejede ösen binagärlik sungatyndan habar berýär. Gadymy Könürgenjiň ähli tarapdan ösen zamanasy bolsa, Soltan Tekeşiň kakasy Horezmşa Ilarslan (1156-1172 ýyllar) zamanasydyr.
Aramgähiň kiçeňräk, emma, örän haşamlanyp bezelen girelgesi gündogara bakdyrylypdyr. Girelgäniň we onuň ýokarsyndaky iki penjiräniň töweregi oýma nagyşlar bilen „П” görnüşindäki şekiller we dürli hatlar bilen bezelipdir. Arapça ýazgy „islimi” diýilýän keşde bilen ýugrulyp, hatyň sözleri „kädi gül” we „burç gül” diýen nagyşlar bilen bezelipdir.
Aramgähiň gümmeziniň başlanýan ýeri on iki gyraňly edilip örülipdir. Gümmeziň daşy ýaşyl syrçaly kerpiçler bilen örtülipdir. Ýaşyl syrçaly kerpiçler sarymtyl kerpiçler bilen gezekleşip, göýä möwç urup, asmana atylýan deňiz tolkunlaryny ýatladýar. Gümmezi göterip duran on iki gyraňly guşak hem, syrçalanan kerpiçjikler bilen bezelipdir. Şol kerpiçjikleriň üsti we aşagy ýene-de ýaşyl we sarymtyl kerpiç bölejikleri bilen „alaja” keşbinde bezelipdir. On iki gyraňly guşakda çar tarapa bakdyrylan dört sany penjire ýerleşdirilipdir.
Bu ymaratyň aýratynlygy diňe bir gümmeziň we gümmez guşagynyň on iki gyraň edilip çykarylyp, nepis nagyşlar salnandygyndadyr. Gündogardaky diwar bu ymaratyň ýüz tarapydyr. Eger XII asyrdan soň bir ymaratyň ýüzüni, ýagny esasy tarapyny ýörite nygtamak üçin dört diwaryň birini has ýokary galdyryp, şol diwarda tagçaly girelge edip, beýle diwara hem „peştak” adyny goýan bolsalar, Ilarslanyň aramgähinde şol usul heniz peýdalanylmandyr. Gürrüňi edilýän binada onuň ýüz tarapy diňe bezegler bilen aýan edilýär. Şu aýratynlygy bilen Ilarslanyň mazary Orta Aziýa arhitekturasynyň taryhynda öz döwrüniň ýeke-täk nusgasy bolup, aýratyn bir orna degişlidir.
Soltan Tekeşiň aramgähi (b.e. XII asyry). Horezm şa Tekeşiň aramgähi ýerli ilatyň arasynda Gök gümmez ýa-da Şyh Şerep baba diýlip atlandyrylýar. Onuň şeýle rowaýaty bar: „Binagär Törebeg hanym üçin owadan ymarat bina
etse-de, hanym her hili bahana tapyp, onuň işini kabul etmändir. Ol binagäri çeperçiligi pes hünärment hökmünde aýyplap durka, Şyh Şerep baba bu ymaraty satyn almak meýliniň bardygyny hanyma aýdypdyr. Şonda Törebeg hanym: „Bolýar, ýöne siz bu ymaratyň içini altyn bilen dolduryp beriň”- diýipdir. Diwana Şyh Şerep gümmeziň üstüne çykyp, tüýnükden ýeňini goýberipdir we altyn pullary ýagdyryp başlapdyr. Diwananyň ýeňinden guýulýan pullar ymaraty dolduryp, gupbanyň içini hem dolduranda, gupba çişip, darka ýarylypdyr. Törebeg hanym diňe şonda: „Indi boldy, baba” – diýenmiş. Emma Şyh Şerep baba gezip ýören diwana bolany üçin beýle haşamly ymaraty özüne mazar etmegi uslyp bilmän, ölenden soň diňe daşarda jaýlanmagyny wesýet edipdir”. Taryhçy el-Juzjaniniň (XIII asyr) mongollaryň bu şäherde Ahçak atly köşkden we soltan Tekeşiň mazaryndan başga ähli ymaratlary ýykandyklaryny habar berýän maglumaty giňden mälimdir.
Taryhçy Ibn as-Saýy özüniň „Jamy al-Muhtasar” atly kitabynda soltan Tekeşiň ölümi hakynda şeýle maglumat berýär: „Soltan Tekeş Horezmde (Ürgençde) hanafi mezhepliler üçin uly medrese we kitaphana bina etdiripdi we şol ýerde özüne hem uly mazar saldyrypdy. Ol şähristana-da – wepat bolanda ogly Alaeddin Muhammet onuň jesedini getirip şol mazarda jaýlady. Bu ymaraty Soltan Tekeş Seljuklaryň yzyny dowam etdirji hökmünde saldyrdy”.
Aramgähiň gümmezi Ilarslanyň mazaryndaky ýaly ýaşyl kerpiçlerden ýygnalan nagyşlar bilen başlanýar, soňra bütinleý ýaşyl kerpiçler bilen örtülip, asman bilen goşulyp gidýän ýaly bolýar. Örmegi aňsatlaşdyrmak üçin gümmeziň içinden 12 sany gapyrga galdyrylypdyr. Bu gapyrgalaryň gümmez bilen özara sepleşigi ýokdur. Çadyr şekilindäki gümmezleriň gupba şekilindäkilerden has berk bolýandygy üçin bu ymarat biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr Aramgähiň möçberi hem-de onuň bezeg baýlygy, ony patyşalyk sürýän taryhy şahsyň guburynyň üstüne bina edilip bilinjek desgalaryň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Hakykatdan-da gurluşyk iňňän beýik we adaty bolmadyk arhitektura ussatlygy bilen ýerine ýetirilipdir. Bu aramgähiň Horezm şasy Soltan Alaeddin Tekeş-ibn Il Arslanyň ady bilen baglaşdyrylmagy, onuň bina edilen wagtynyň XII asyryň ilkinji ýarymyna degişlidigini kesgitleýär.
Köneürgenjiň ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmagy teklip eden halkara bilermenleriň gelen netijesinde hem: «...Ýerine ýetirilişinde Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň bezeg we gurluşyk sungaty günorta we günorta-günbatar sebitlere, esasan hem, Eýranyň we Owganystanyň, soňra bolsa, Mogollar imperiýasynyň (Hindistan, XVI asyr) binagärçiligine uly täsirini ýetiripdir». Köneürgenjiň binagärlik-çeperçilik mekdebiniň ussalary tarapyndan miras galdyrylan ýadygärlikleriň ikisinde çeper mozaika sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen has ýakyndan tanşyp bolýar.