Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek» atly amaly maslahat geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek» atly amaly maslahat geçirildi



Türkmeniň medeniýeti özüniň milliligi, gözelligi, özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Bu günki gün türkmen medeniýetine dünýä derejesinde uly sarpa goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň taryh ylmynyň gorçeşmeleriniň üstüni ýetirmek we kämilleşdirmek, maddy-medeni mirasyny muzeýleşdirmek işine gönükdirilýän netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Muzeý işi halkymyzyň medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär. Çünki muzeý jemgyýet bilen jemgyýetiň emläginiň, ruhy dünýäsiniň arasyndaky mukaddes baglanyşykdyr. Muzeýleriň alyp barýan işleri bilen tanyşmaklyk bolsa her bir raýatda zerur bolan taryhy ýatlamalary, taryhy gurşawy emele getirýär. Bu ýer taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanylýan, öwrenilýän, rejelenip dikeldilýän hem-de halka ýetirilýän mukaddes ýeridir.
Maddy medeni miras – taryhy ýadygärlikleri, binagärlik eserlerini, senetçiligi, heýkeltaraşlyk we surat eserlerini, gadymy ýazgylary, umuman adamyň we tebigatyň bilelikdäki döredijiligini öz içine alýar. Maddy medeni mirasymyzy muzeýleşdirmek işini kämilleşdirmeklige hemişelik ekspozisiýalar, baý mazmunly dürli sergileri guramak, taryhy tapyndylar, milli mirasymyz boýunça ylmy-barlag, gözleg işlerini alyp barmak we dikeldiş taslamalary esas bolup hyzmat edýär. Ylmy gözlegleriň barşynda toplanan maglumatlar geljekde muzeýde guralýan sergilere ýardam berýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hem-de muzeýleriniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek» atly amaly maslahaty geçirildi. Onda muzeý ekspozisiýany döretmegiň tapgyrlary, tematiki ekspozisiýanyň meýilnamasy, ony gurnamak, eksponatlary ýerleşdirmekde bildirilýän talaplar, ekspozisiýanyň görnüşleri, ýerine ýetirýän işleri, kompozisiýanyň düzgünleri, gezelenji (ekskursiýany) döretmegiň we alyp barmagyň ylmy esaslarynyň maddy medeni mirasymyzy muzeýleşdirmeklige gönükdirilen netijeli çäreleriň biridigi bellenildi. Taryhy goraghanalarynyň we muzeýleriň hünärmenleriniň arasynda özara sazlaşykly iş alyp barmagyň usullary hem-de taryhy tapyndylar, toplanan maddy medeni mirasymyza degişli gymmatlyklar dikldilenden soň, olary gorap saklamak üçin bildirilýän talaplar, otaglaryň içiniň temperaturasyny we çyglylygyny üpjün edýän ýyladyş we howa çalşygy ulgamy, eksponatlar üçin ýörite tekjeler barada söhbetdeşlik geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen amaly maslahat maddy medeni mirasymyzy muzeýleşdirmek boýunça özara tejribe alyşmaklyga ýardam etdi.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taryhy, maddy medeni mirasymyzyň muzeýleşdirmek işinde döredýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.