KEÇE – TÜRKMENIŇ ÇEPER DÖREDIJILIGINIŇ KÄMIL NUSGASYDYR
Türkmeniň çeper döredijiliginiň kämil önümi hasaplanylýan halkymyzyň gadymy keçe senedi zenan paýhasynda sünnälenip sungat derejesine ýetirildi. Tebigat gözellikleri bilen bäsleşýän gülli keçeler öýleriň bezegi, törleriň ýaraşygydyr.
Çeper eli çermelgi zenanlaryň keçe basymyndan soň läle ýaly bolup açylýan keçeler türkmeniň gözellik baradaky düşünjesiniň hem kämildigine güwä geçýär. Ýurdumyzda bu sungatyň has gadymy we kämil, nusgawy nusgalaryny dikeltmekde, ýüze çykarmakda we bu gymmatlygyň durmuşy ähmiýetini halk arasynda giňden wagyz etmekde mynasyp işler alnyp barylýar.
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Keçe – türkmeniň çeper döredijiliginiň kämil nusgasydyr” atly maslahat hem keçe sungatyna bagyşlanyldy. Maslahatda çykyş edenler bu gadymy senediň ýüze çykyş taryhy, kämilleşiş etaplary, nagyşdyr gülleriniň aňladýan manylary, welaýat aýratynlyklary, keçeleriň türkmen durmuşynda tutýan orny barada gyzykly gürrüňler berdiler. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýan amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň hem-de keçe önümleriniň sergisi guraldy.