GADYMY JEÝTUN TARYHY ÝADYGÄRLIGINIŇ 3D GÖRNÜŞINDE DIKELDILEN TASLAMASY
Türkmenistan özboluşly milli medeni mirasy müňlerçe ýyllardan gözbaş alyp gaýdan ýurtlaryň hataryna girýär. Adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäli, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli, mes gadymy türkmen topragynda-Merkezi Köpetdagdan inýän çeşme-çaýlaryň boýunda emele gelen Jeýtun medeniýetidir. Jeýtun atyň, sygyryň we goýnuň ilkinji eldekileşdirilen ülkesidir. Türkmenistanyň çäginde bag-bakjaly ilkinji oba bolan Jeýtun häzirki Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda Jeýtun kaky Çakmaklydepe diýen ýerde ýerleşýär [1].
Bu ýadygärlik, belli alym W.M.Masson tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda öwrenilmek bilen, bu obanyň diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl-de, eýsem, dünýä ýüzündäki iň gadymy ekerançy ilatyň ýaşan ýerleriniň biri bolandygy bilen bellidir. Köpetdagdan syrygyp gaýdýan suw ulgamlary ýa-da çeşmeler Garagumyň çägeligine ýetip siňýän eken. Emma heniz ýeriň yzgary gitmänkä adamlar ýere tohum taşlapdyrlar. Şeýlelikde biziň ýurdumyzda däne ekininiň esasyny goýanlar jeýtunlylar bolupdyr. Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar [2].
1989-njy ýylda Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk medeniýetini we şol medeniýetiň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygyny ylmy taýdan öwrenmek meýilleşdirildi. Ekspedisiýanyň işine arheologlar Ýu. E. Berezkin, W. P. Nikonorow, G. F. Korobkowa, K. Gurbansähedow, N. Pokrowskaýa, O. Lollekowa, T. Şarowskaýa, A. Berdiýew, O. Öwezow dagy gatnaşdylar [5].
Täze daş asyry zamanynda oturumly ekerançylaryň mekany bolan Jeýtun obasy beýikligi 4 metr bolan çäge belentliginiň üstünde ýerleşipdir we 4000 inedördül metr meýdany tutupdyr. Bu ýerde her biriniň meýdany 25-den 45 inedördül metre golaý bolan 30 töweregi ýaşaýyş jaýlar bolupdyr. Jeýtun medeniýetiniň dowam eden döwründe bu jaýlar 5 gezek gaýtadan dikeldilipdir [4].
Jeýtunda ýaşan ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň diwarylarynyň diametri 20-25 santimetr we uzynlygy 60-dan70 santimetre çenli bolan palçykdan ýasalan süýri batonlardan (kerpije meňzeş palçykdan edilen laý) salnyp [4.], esasan bir giň otagdan ybarat bolupdyr. Jaýlar biri-birine meňzeş we inedördül görnüşde salnypdyr. Gapylary darajyk bolup, olar haýwanlaryň derleri bilen ýapylypdyr. Ýaşaýyş jaýlaryň bir dulunda uly inedördül ojak, gap-gaçlar üçin aýmança bolupdyr. Jaýyň diwarlarynda bolsa kiçeňräk tekjejikler bolup, onda bezeg şaý-seplerini goýupdyrlar [2.]. Geçirilen gazuw işleriniň dowamynda bu ýerde ýaşan ilata degişli örän köp mukdarda ýasalan kiçeňräk terrakotalar tapyldy. Olaryň içinde ýerine ýetirilişi bilen tapawutlanýan aýal heýkeljikleriň birnäçesi tapyldy [4]. Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerde ekerançylygyň we bereket-rysgalyň hudaýy hasaplanylýan zenan heýkelleri pederlerimiziň ruhy dünýäsinde jadyly güýje eýe bolan mukaddeslik hökmünde öýüň töründe, ýörite gurlan tagçalarda arzylanyp saklanypdyr. Ybadat dessurlary berjaý edilipdir, sadaka berlipdir [1]. Ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda hojalyk jaýlary hem ýerleşipdir [2]. Käbir ýaşaýyş jaýlaryň diwarlarynyň iç ýüzüne gara reňk çalnypdyr ýa-da üç reňkli nagyş bilen bezelipdir, şol jaýlaryň ähli diwarlary däl-de, diňe tagçaly çykgydy bar bolan diwary ýa-da diňe ýeke çykgydyň özi gyzyl reňk bilen bezelipdir [4].
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Jeýtunda düzümi 5-6 adamdan ybarat 35-40 maşgala hojalygy ýaşap, onuň jemi ilaty 200-240 adam töwerekleri bolupdyr. Her bir maşglanyň hojalyk gap-gaçlary, bezeg şaýlary maşgala degişli jaýlarda saklanypdyr. Emma iýmit süýşürintgileri, däne we şoňa meňzeş aýry-aýry zatlary maşgala hojalygynyň hususy jaýynda däl-de, bütin oba üçin niýetlenilen umumy jaýda ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, jeýtunlylaryň zähmeti-de, hojalygy-da umumy bolupdyr [2].
Gadymy obada gazuw-agtaryş işleri geçirilende, çakmak daşdan we beýleki daşlardan ýasalan dürli gurallar, açyk reňkli nagyşlar bilen bezelen, toýundan ýasalan gap-gaçlar, süňkden we bişirilen palçykdan ýasalan önümler köp möçberde tapyldy [5]. Şol gurallary jeýtunlylaryň özleri taýýarlapdyrlar, bu barada ullakan daşdan ýuka çakmak daşlaryny döwüp almak üçin ulanylan äpet ýekedabanyň tapylmagy bilen işlemek üçin bolan gysgyçlaryň we daş önümçiliginiň örän köp ownuklarynyň tapylmagy bu barada şaýatlyk edýär [4].
Jemläp aýdanymyzda, Jeýtun medeniýeti adamzat taryhynyň uzak geçmişinde görlüp eşdilmedik tebigy tejribäniň esasynda dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran neolit döwrüne degişli ilkinji siwilizasiýalaryň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen arheologiki gazuw-agataryş işleriň netijesinde ýüze çykarylan ilatyň ýaşaýyş durmuşy bilen baglanşykly köp sanly maddy we ruhy gymmatlyklar Günorta Türkmenistanyň çäginde ýaşan halkyýetleriň baý dünýä garaýşynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem neolit döwründe, has takygy, biziň eýýamymyzdan ozalky VII-VI müňýyllyga degişli Günorta Türkmenistanyň çägindäki Jeýtun we başga-da ýokarda ady agzalan ýadygärliklerde ýaşan iň gadymy ilat dünýä taryhynd ilkinji binagärçilik sungatyny esaslandyrjylardygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärliklerini goramak,
öwrenmek hem-de rejelemek
baradaky milli müdirligi
Bölüm müdiriň orunbasary
Jommyýew Rejep