Abu Seýid Abul Haýryň kümmetinden tapylan teňňeleriň arassalanylyşy we rejelenilişi
XI asyryň ahyrlarynda gurulan Abu Seýid Abul Haýyryň Mänedäki kümmetinde geçirilen arheologiki arassalaýyş işleriniň dowamynda XIII-XIV asylara degişli poluň derejesine çenli ýetildi. Kümmetiň gündogar burçundan, poldan gazylan kiçiräk çukuryň içinde saklanyp galan teňňeleriň hazynasy tapyldy.
Hazyna ýedi asyrdan gowurak wagt ýeriň astynda ýatypdyr. Şoňa görä-de, teňňeleriň daşy poslap biri-birine ýelmeşipdir we bitewi tokga öwrülipdir. Üsti açylan teňňe toplumy düzgüne laýyklykda, seresaplyk bilen ýerden alynyp ýumşak mata dolandy we daşy gaty gutynyň içine ýerleşdirilip seljerişhana getirildi.
Üstünden köp wagtyň geçenligi sebäpli mazaly poslan teňňeleriň, ilki başda haýsy metaldan ýasalandygyny anyklamak hem çylşyrymly boldy. Metalyň ýüzünde emele gelen pos bölejikleri toprak bilen garyşypdyr we teňňeleriň daşyny doly örtüpdir. Emele gelen pos gatlagy onuň poslaman galan içki gatlagyny daşky täsirden gorapdyr. Şeýle ýagdaýda, metal posdan arassalananda onuň daşynyň goragy aýrylýar we posuň içinde abat galan metal çalt zaýalanýar hem-de derrew poslamak bilen bolýar. Şoňa görä-de, metaldan ýasalan tapyndylar örän seresap çemeleşilmegini talap edýar, çünki olara köplenç halatda toprakda ýatan wagty däl-de ondan çykarylandan soň şikes ýetýär ýa-da doly dargaýar.
Metaldan ýasalan tapyndylar arassalanylanda pos gatlagy bilen onuň içinde saklanyp galan metalyň çägini anyk kesgitlemek örän möhümdir. Ýüzlerçe ýyllap toprakda ýatan her-bir tapyndy ony zaýalaýan, çüýredýän we dargadýan himiki hem-de fiziki täsirlere sezewar bolýar. Olaryň käbiri bolsa içinde metal gatlagy galman tutuş posa öwrülýär. Şeýle tapyndylary arassalap bolmaýar, olaryň dargap gitmegiňiň öňüni almak üçin ýörite kleý bilen berkidilýär we daşky görnüşiniň durky saklanylýar.
Metaldan ýasalan tapyndylary arassalamak üçin esasan mehaniki, himiki we elektro-himiki usullar peýdalanylýar. Tapyndylaryň abat saklanmagy şu usullaryň has netijelisiniň saýlanyp alynmagyna hem köp derejede bagly bolýar. Arassalamagyň derejesi metalyň ýüzünde oýulan ýa-da güberçek bezegiň, ýazgynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna, şonuň ýaly-da onuň daşyna başga bir metalyň çaýylmagyna bagly bolýandygyny hem bellemeli.
Abu Seýid Abul Haýyryň kümmetinden tapylan, biri-birine ýelmeşen teňňeleriň tokgasy ilki dissilirlenen suwa atylyp saklandy. Ol teňňeleriň biri-birinden aýrylmagyna we tozan gatlaklaryndan arassalanmagyna mümkinçilik berdi. Şondan soň olaryň kümüş we mis teňňelerdigi doly aýan boldy. Soňra teňňeleri mehaniki we himiki usulda birin-birin arassalamaga girişildi.
Kümüş teňňeleriň aglabasynyň awersinde (ýüz tarapynda) pos tegmilleri emele gelipdir, rewersi (arka tarapy) poslaman, arassa saklanypdyr. Pos tegmilleriniň azdygyna garamazdan olar kynlyk bilen aýryldy, çünki ol örän gaty bolup sähelçe güýç ulanylmagy metalyň özüne şikes ýetirilmegine alyp barjakdy. Şoňa görä-de, ýörite gural bilen pos gatlagy seresap aýryldy we teňňeleriň üýzündäki harplaryň, şekilleriň üsti açyldy. Şondan soň teňňeleriň ýüzünde galan ýukajyk pos gatlagy bambuk taýajygyny sürtemek bilen arassalanyldy.
Hazynadaky mis teňňeler ýörite himiki ergini ulanmak bilen posdan arassalanyldy. Pos gatlagy aýrylandan soň teňňeler dissilirlenen suw bilen erginiň ýoklary galmaz ýaly örän ykjam ýuwuldy. Ýuwulandan soň olar 2 günläp goýulyp guradyldy. Mazaly guran teňňeler gaýtadan poslamaz ýaly ýüzüne ýörite lak çalyndy. Şeýle usulda olaryň poslaman saklanmagy üpjün edildi. Arassalanan mis teňňeler birnäçe ýyldan soň ýene bir gezek lak bilen örtülse onuň poslaman uzak saklanmagyna mümkinçilik berýär. Görkezilen usullarda arassalanylan teňňeler Döwlet muzeýine tabşyryldy. Abu Seýid Abul Haýyryň kümmetinden tapylan teňňeler möhüm taryhy çeşme we medeni gymmatlyk hökmünde ähmiýete eýedir.