Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri - Beýik ösüşleriň gözbaşy


Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri - Beýik ösüşleriň gözbaşy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda ,,Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri - Beýik ösüşleriň gözbaşy’’ ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitabynyň 14 jildinde çuňňur ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlary özünde jemleýän bu kitap Türkmenistanyň täze taryhyndaky ylmy ösüşlerini, iri syýasy we taryhy ähmiýetli wakalary, ýurduň jemgyýetçilik durmuşyny öwrenmekde, olary döredijilikli ösdürmekde nazaryýet hem-de amaly taýdan gymmatly gollanma bolup hyzmat etjekdigi barada gürrüň berdiler.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň her biri gymmatly çeşme bolup, şol gymmatly eserler bu günki gün ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ýol-ýörelge, edep-terbiýe we uly gollanma bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.