“Hakydadan öçmejek yzlar”


“Hakydadan öçmejek yzlar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 142-nji orta mekdepde “Hakydadan öçmejek yzlar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitiremesiniň pidalaryny söweş meýdanlarynda wepat bolan merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylyklaryny ýatlap Watan gerçeklerini ýadyňa salyp duran “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumyna baranyňda, has hem içgin göz ýetirýärsiň. Olar özleriniň gahrymançylygy, watansöýüjiligi bilen taryhda öçmejek yz goýan pederlerimiziň nusgalyk ömürleriniň geljek nesillere ýetirilmeginde ýaşlaryň aňynda we kalbynda mäkäm ornaşmagy ugrunda yzygiderli çäreleri geçirilýänligi, türkmen halkymyz ruhubelentlik hem-de özüniň belent ynsanperwerlik borçlaryna wepalylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri bilen ykbalyň agyr kynçylyklarynda ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başarandyklary barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Älem içre at gezer” atly eseriniň bölümlerinden okyjylara okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.