Kerwensaraý ýadygärliginde geçirilen arheologiki gazuw-barlag işleri


Kerwensaraý ýadygärliginde geçirilen arheologiki gazuw-barlag işleri



«Kerwensaraý» ady bilen atlandyrylýan ýadygärlik Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň günorta böleginde Daşgalanyň içinde ýerleşýär. Bu portal (peştak) kerwensaraý üçin örän haşamlydygy barada köp alymlaryň pikirleri dogry gelýär, bu portal (peştak), has dogrusy, Horezmşalaryň köşgüne ýa-da uly medresä degişli bolmagy mümkin. Şeýlelikde ýadygärlik XIV asyra degişli diýip hasaplanýan hem bolsa-da, öňki seneler we ýadygärlige mahsus birnäçe özboluşlylyklar (ilki nobatda ýadygärligiň bezegi) ýadygärligiň ýaşyny has gadymylaşdyrmaga ýagny takmynan XII asyryň ahyry - XIII asyryň başy. bilen senelendirmäge esas berýär. Bu ýadygärligiň saklanyp galan girelgesiniň bezeg çeperçiligi, ymaratyň haýsy maksatda we haýsy döwürlerde gurlandygy, ýadygärligiň gurluş meýilnamasy şu günki güne çenli bu ugurdan hünärmenleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Ýadygärlikde ilkinji gezek 1952-nji ýylda S.P.Tolstowyň ýolbaşçylygyndaky Horezm arheologik-etnografik ekspedisiýasynyň M.S. Lapirow-Skoblonyň ýolbaşçylygyndaky topar giňişleýin gazuw barlag işlerini geçirdi.

Soňra 1981-nji ýylda W. Zotowyň ýolbaşçylygynda gazuw işleri geçirildi, gazuw işleriň netijesinde toplumyň çäginde 16 (on alty) otagyň sudury aýan edildi. Gazuw-barlag işleri meýilnama esasynda 2014-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär. Gazuw-barlag işleri Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň bölüm başlygy, arheolog, taryh ylmynyň kandidaty E. Myradowanyň ýolbaşçylygynda hem-de «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. Gazuw-barlag işleriniň maksady ýadygärligiň nämä niýetlenip gurlandygyny, hakyky gurlan senesini anyklamak bolup durýar.

Gazuw-barlag işleri peştagyň günorta-günbatar tarapynda esasy diwaryň dowamyny anyklamak maksady bilen günorta tarapa alnyp baryldy. Ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuw barlag işleriniň netijesinde kerwensaraýyň peştagynyň günbatar tarapyndan uzynlygy 10,5 m, hem-de şol diwardan günorta tarapa 24,5 m uzalyp gidýän esasy diwar aýan edildi. Häzirki wagtda şol aýan edilen diwarlarda ýöriteleşdirilen ylmy rejeleýiş ussahanasynyň hünärmenleri tarapyndan gadymy nusgada dikeldiş işleri geçirildi. 2020-nji ýylyň ýazky gazuw möwsüminde günorta tarapdaky aýan edilen diwaryň ugrundan girelgäniň bir gapdaly – demirgazyk tarapyndaky sütüni, girelgäniň gündogar tarapynda agaçdan bosaga aýan edildi. Güýzki gazuw möwsüminde şol girelgäniň ikinji günorta tarapdaky gapdal sütüni aýan edildi. Häzirki wagtda saklanyp galan girelge sütünleriň belentligi takmynan 1,5 metrden gowrak, galyňlygy takmynan 3,88x4,50 m. Aýan edilen sütünleriň ýüzünde oýma nagyş salnan kerpiçler bilen örtük edilip bezeg edilipdir. Binagärlik bezegiň esasyny sekizgyraňlyklar, altygyraňlyklar we üçburçluklar düzýär. Bu girelge sütünlerde hem dikeldiş işleri geçirildi.

Girelgäniň günbatar tarapyndan iki girelge sütünleriň ortasynda dag daşyndan – mermerden hem-de gyryň daşyndan düşelen meýdany 12,7 m2 pol aýan edildi. Esasy diwardan gündogar tarapda bişen kerpiçden düşelen meýdany 356,2 m2 pol aýan edildi. Şol poluň üstünde mermer daşyndan ýonulyp ýasalan birnäçe sütün esaslary tapyldy.

Mundan başgada Kerwensaraý ýadygärliginiň çäginde geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde dürli görnüşli tapyndylar dürli-dürli döwürlere degişli keramiki tapyndylar, dürli döwürlere degişli mis teňňeler başga-da dürli döwürlere degişli örän köp täsirli taryhy tapyndylar ýüze çykaryldy. Tapylan tapyndylar gap-gaçlaryň bölekleri: olar syrçalanan we syrçasyz görnüşde, toýundan ýasalan, kaşin keramikasyndan ýasalan, hem-de syrçasyz gap-gaçlaryň bölekleri örän köp mukdarda, arhitektura bezeg bölekleri, demir çüýler, mis teňňeler. Ýene-de bir aýratyn ünsi özüne çekýän zat, ol hem beýleki ýurtlardan getirilen gap-gaçlar, ýagny hytaý farforynyň bölekleri. Bu hem orta asyrlarda Gürgenç şäheri beýleki köp ýurtlar bilen durnukly ykdysady hyzmatdaşlyk saklandygyny we bu şäherde söwdanyň ösendigini aýdyň görkezýär. Kaşinden, oýma nagyş salnan syrçaly we syrçasyz terrakotadan ýasalan, köp reňkli syrçalanan daşlardan kesme mozaikaly arhitektura bezeg bölekleri köp mukarda tapyldy. Umumy meýdany 679 m2 meýdanda arheologik gazuw-barlag işleri geçirildi.

Şeýle-de 2020-nji ýylyň dowamynda Kerwensaraý ýadygärliginden gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde 904 sany tapyndy tapylyp, 110 sanysy oýma nagyşly bezeg plitalary (önümçilikde ulanylmadyk) Ylmy rejeleýiş-önümçilik ussahanasyna ýadygärliklerde dikeldiş işleri geçirilýän wagtynda ulanmak üçin berildi. Galan 794 sany (arhitektura bezegleri, gap-gaçlaryň bölekleri tapyldy) tapyndylary Daşmetjit Halk hünärleriň muzeýiniň gaznasyna tabşyryldy we goraghananyň hünärmenleri tarapyndan ylmy esasda öwrenilýär.