Gezelenç we türkmenleriň awçylyk däpleri
Ynsanyň sagdyn ýaşamagynda we çeýelik, çalasynlyk ýaly endikleriň döremeginde gezelenç etmegiň orny uly bolupdyr. Gezelenç etmek awçylyk ýörelgeleri bilen mynasyp utgaşýar. Elguşdyr tazy bilen aw awlaýan awçyny şirin dilimizde mürüşgär diýip atlandyrýarlar. Olar ýüzärlikde ilkinji gülleriň peýda bolan wagtynda jüýje almak üçin ýola rowana bolupdyrlar. Birnäçe günläp dagda bolup, ýyrtyjy guşuň häsiýetlerini, awa çykýan wagtyny öwrenipdirler. Awçylar beýik dag gaýalaryndan sallanyp ýyrtyjy guşlaryň jüýjesini ynsançylyk edebini elden bermän alypdyrlar. Näçe beýik gaýadan alsaň, jüýje guş çykansoň dogumly we batyr bolýar diýip ynanypdyrlar. Kert gaýalardaky höwürtgeden ýyrtyjy guşuň çagasyny almagyň neneňsi howplydygy we hupbatlydygy «Gadymy daglaryň rowaýaty» atly filmde aýdyň beýan edilýändir. Jüýje elguşy iýmitlendirmegiň inçe tärleri bolupdyr. Oňa dürli görnüşli melhemleri taýýarlapdyrlar. Awçylar guşy seýislemek üçin ony aladaňdan we giçlik gezdiripdirler. Aw öwretmek üçin albaý bulap, ylgamaly, towusmaly bolupdyr. Çöle çykanda-da, guşa kömek bermeli bolanda ylgap barypdyrlar. Köp hereket edipdirler. Gezmeli, aýlanmaly bolupdyrlar. Şonuň üçin «Awçynyň ryzky aýagynda» diýen gürrüň ýörgünlidir. Ata atlanyp, düýesini idip barýan tazyly awçy tebigatyň gözelliklerini synlaýar. Ol awlaýan haýwanlaryna örän eserdeň çemeleşýär. Awda haýwanlary gereginden köp awlaýan, güýçli çagba, aýaz, sil akymy, harasat ýaly agyr howa şertlerinde aw edýänler köpçülik tarapyndan ýazgarylypdyr we awçylaryň arasyndan çykarylypdyr. Ynsaply awçylar betnebis awçylara nirede, nähili aw haýwanlarynyň bardygyny aýtmandyrlar. Awçylar daň bilen, ähli adam ukuda ýatan wagty, hiç kime görünmän, aw meýdanlaryna gitmäge çalşypdyrlar. Awçylyk sagdynlygy gazanmakda, berk bedenliligi terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Keýikdir, dag goçy aram-aram dag gaýasyny bir gezek ýalap aýrylypdyr, bu bolsa şol ýerde mumyýanyň barlygyny aňladypdyr. Ýogsa aşakdan seredeniňde mumyýa görünmandir. Pendi we Bathyz sebitleriniň köpigören awçy gojalary melhemlik mumyýany dag gaýasyndan sallanyp alypdyrlar. Gaýadan sallanmak üçin düýäniň hamyndan berk ýüp işipdirler. Käteler şony merdiwan görnüşinde hem ýasapdyrlar. Başarjaňlyk bilen sallanyp dag gaýasyndan mumyýany almagy başarypdyr. Diňe tomusda mumyýa ýumşanda bu hereketi etmek mümkin bolupdyr. Käbir ýagdaýlary göz öňünde tutup ýüpe atyň eýerini, eşegiň gaňňasyny berkläp, oturmak üçin ýer ýasapdyrlar. Bu taýýarlyk oturyp sallanmaga uly ýardam beripdir. Islendik bir maksat bilen gaýadan sallanmak sagdynlygy, duýgurlygy, batyrlygy, dogumlylygy talap edipdir. Olar öz kesbi bilen adamlaryň rahat, sagdyn ýaşamagyna täsir edipdir. Gezelenç etmek tebigat gözelliginden lezzet almak bilen birlikde, ýaşlaryň sagdyn durmuş endiklerine eýermegi üçin ajaýyp görelde bolupdyr.