ABDYLLAHAN GALASY


ABDYLLAHAN GALASY



Döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän döwründe, ynsan kowmunyň bäş müň ýyllyk taryhynyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimiziň hem aýratyn orna eýedir.

Milli Liderimiz :“Türkmenistanyň taryhy dünýä taryhynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmenistan müňýyllyklar bilen kesgitlenýän öz taryhynyň bütin dowamynda medeniýeti, dünýä belli baý kitaphanalary, düýpli eserleri döreden beýik akyldarlary bilen şöhratlanan diýardyr” diýip belleýär.

Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, şowhunly bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merw topragynda saklanyp galan, bu gün taryhyň ajaýyp binagärlik sungatyndan habar berip duran, köşkleri aýratyn öwgä mynasypdyr.

Ata-babalarymyzyň döreden şeýle ajaýyp gymmatlyklaryny, geljekki nesillerimize abat ýagdaýda ýetirmek, onuň taryhy gymmatlygyny açyp görkezmek maksady esasynda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň garamagyndaky “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ýazky möwsüminde geçiriljek ylmy-barlag we rejeleýiş-berkidiş işlerine netijeli taýýarlyk görýärler. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri hem “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Abdyllahan galasydyr.

Abdyllahan gala barada W.A. Žukowskiniň bellemegine görä: “dürli ýerlerde özboluşly goýlan, ýörite tüpeň atylýan deşikler, kaşetler, we gorag çäreleri, harby hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, bu ýeriň ozalky ýaşaýjylarynyň ýokary gurluşyndan we harby bilimlerinden habarly bolandyklaryna şaýatlyk edýär”.

Galanyň içki gurluşy barada hem jikme-jik durup geçsek, galanyň düýbiniň tutulmagyndan, ýagny, 1418-nji ýyldan bary-ýogy on ýyl geçenden soňra, bu ýerde bag-bakjaly köçeler, metjit-medreseler, hammam, dürli ýerlerde harby äheňde goýlan garawulhanalar, uly bazarlary, kerwensaraýlary we köp sanly owadan binalary öz içinde jemleýän şähere öwrülipdir. Şäherde dürli görnüşli gurluşyk we binagärlik işleri köp ýyllaryň dowamynda yzygyderli tapgyrda alnyp barylypdyr. Munuň subutnamasy hökmünde galada geçirilen arheologiýa barlaglarynda ýüze çykarylan dürli görnüşli küýze we küze böleklerindäki syrçalar bilen şekillerden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Şeýlelik-de galanyň üç sany derwezesi bolup, olar gündogar, günbatar we günorta diwarlarynyň dik orta gürplerinde ýerleşdirilipdir. Gündogar derwezesinden günbatara tarap Abdyllahan galanyň içini iki bölüp geçýän uly köçe bolsa, bu gala sepleşikde düýbi tutulan Baýramalyhan galanyň hem içinden geçip, onuň günbatar derwezesinden çykyp gidýär.

Baýramalyhan galasy hem Abdyllahan galanyň günbatar diwaryna seplenip bina edilipdir. Onuň daşky diwary tutuşlygyna çig kerpiçden örülip, toýun palçyk arkaly mazaly suwalypdyr. Galanyň günbatar diwarynyň uzynlygy 750 metr, demirgazyk we günorta diwarynyň uzynlygy 500 metre çenli baryp ýetýär. Gala diwarlaryndan biziň günümize çenli saklanyp galan böleginden demirgazyk diwary bilen günorta diwarynyň sepleşýän ýerini görmek bolýar. Baýramalyhan galanyň düýbiniň haçan tutulandygy barada W.A. Žukowskiniň pikirine görä, ol, 1600-nji ýylda bina edilipdir, diýip belleýär.