“Kämil ýaşlar ertirki güne ynam” ady bilen geçirilen onlaýn maslahat
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýurdumyzyň welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly “Kämil ýaşlar ertirki güne ynam” atly onlaýn maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýaşlarda kitap okamaklyga bolan endigi has-da artdyrmak, olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda alyp barýan işleri babatda özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de ýaşlaryň ünsüni çekjek, olarda täsir galdyrjak sergileri gurnamak, köpçülikleýin çäreleri, bäsleşikleri geçirmek babatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýerine ýetirilmeli meýilnamalaýyn işleriniň ýerine ýetirilişi bilen maslahatlaşdylar. Şeýle-de kitaplaryň gaznalarda saklanyşy, kataloglaryň ýerleşdirilişi, okyjylary hasaba almakda, olara hyzmat etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda kitaphana hünärmenleri özara tejribe alyşdylar.
Onlaýn maslahatyň ahyrynda döwrüň ösen tehnologiýalarynyň kömegi bilen onlaýn maslahatlary geçirmäge, okyjylaryň okamaklyga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynda şeýle-de paýtagtymyzda ýerleşýän kitaphanalarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.