Halkara maslahatlarynyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekdäki ähmiýeti
Garaşsyz, baky Bitarap Tükmenistan döwletimiz Gahryman we Arkadag Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bilimde, ylymda, ykdysadyýetde, medeniýetde, syýahatçylykda, binagärlik-gurluşykda we durmuşyň beýleki ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýurdumyzyň parahat söýüjilikli, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da ýokary göterilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.
Mähriban Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biri hem durmuşyň hemme taraplary boýunça doly şertleriň, şol sanda dünýä derejesiniň talaplaryna laýyk gelýän dynç alyş we syýahatçylyk infrastukturasyny döretmekdir. Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýoly bilen okgunly gülläp ösmegi, dünýä üçin açyklygy, düýpli özgertmeleriň özboluşly bir nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine çykarmagyň strategiki meýilnamalary bilen gönüden-göni bagly bolup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara forumlarynyň, sergileriniň, syýasy-ykdysady maksatly halkara maslahatlarynyň geçirilmegi ilkinji nobatda ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatyny iş ýüzünde doly durmuşa geçirmäge, ýurdumuzyň ykdysadyýetinde syýahatçylyk pudagynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine has köp mukdarda goýulmagyna ýardam berýär. Şeýle hem, medeni maksatly halkara çäreleriniň, sport ýaryşlarynyň geçirilmegi halklaryň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklaryny has-da berkidip, ösen aň-bilimli ýaşlaryň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar.
Halkara maslahatlary bu ilki bilen sebitde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek , öňki gazanylan netijeleriň has kämilleşen görnüşini köpçülige ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýokary netijeler gazanyldy. Ýurdumyza gelýän syýahatçylara, myhmanlara ýörite syýahatçylyk gezelençlerini guraýan birnäçe kärhanalar döredildi. Gurulan we gurulýan myhmanhanalar özlerinde binagärligiň iň ajaýyp we häzirki zaman keşplerini jemläp, ähli amatlyklar döredildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda her ýyl geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisi we maslahaty hem sebitiň iri syýahatçylyk merkezi bolan «Awazanyň» geljekki ösüşlerine saldamly goşandyny goşýar.