Milli Gymmatlyklarymyzyň Naýbaşy Nusgalary Ýunesko-Nyň Sanawynda


Milli Gymmatlyklarymyzyň Naýbaşy Nusgalary Ýunesko-Nyň Sanawynda



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň dünýä derejesindäki ornuny ebedileşdirmekde hem-de milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler Türkmenistan Watanymyzyň medeni-taryhy we ruhy gymmatlyklaryň baý mekanydygyny ýene bir gezek tassyk edýär. Oňa Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhyny, durmuşyny, medeniýetini, ahlagyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, dil baýlygyny özünde jemleýän “Görogly dessançylyk sungatynyň”, türkmen milli tans sungatynyň ajaýyp däplerini özünde jemleýän “Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň”, türkmen halkynyň milli däplerini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi hem aýdyň subutnamadyr.

2019-njy ýylyň 9-14-nji dekabry aralygynda Kolumbiýanyň Bogota şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” goşmak üçin Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Türkmen milli halyçylyk sungatynyň” resminamasynyň talaplara laýyklygy gözden geçirilip, Hökümetara Komitetiniň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy esasynda, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda “Türkmen milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizildi. Bu bütin türkmen halkynyň ýüreginde uly buýsanç we guwanç duýgusyny döreden waka boldy.