Aşgabat şäheri syýahatçylyk şäheridir


Aşgabat şäheri syýahatçylyk şäheridir



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli maksatnamalarda ýurdumyzy ösdürmek bilen baglanşykly kesgitlenen wezipeler ýokary netijeler bilen amal edilýär. Amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň binýadynda halk hojalygynyň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösdürilýär. Şol sanda, milli ykdysadyýetiň ösmegine oňyn täsir edýän syýahatçylyk pudagynyň hem ýokary depginler bilen ösmegi, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşiniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýilleri bilen sazlaşýandygyny aýdyň görkezýär.
Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, soňky on ýylyň dowamynda syýahatçylyk maksady bilen şäherlere gelýänleriň sanynyň iki esseden hem artandygyny bellemek zerurdyr. Sebäbi, şäherler syýahatçylary gaýtalanmajak binagärligi, olara amatly şertlerde syýahat etmäge giň mümkinçilikleri döredýän ösen infrastrukturasy, sport ýaryşlary we festiwallary bilen özüne çekýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek wezipesi hem giňişleýin beýan edilýär. 2020-nji ýylyň maý aýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa halkymyzyň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Geljekde Aşgabat şäherine gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň we myhmanlarynyň sanyny has-da artdyrmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin bolsa Aşgabat şäheriniň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek mümkindir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheri syýahatçylyk üçin dünýäde iň amatly, iň oňaýly şäherleriň biri hökmünde kabul edilýär. Bu ykrarnama, hormatly Prezidentimiziň ak mermere beslenen paýtagtymyzy ösdürmek bilen bagly kesgitlän wezipesiniň ädimme-ädim, yzygiderlilikde we oýlanyşykly ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Arassaçylyk, giň köçeler, gijelerine asudalyk, gündizlerine rahatlyk, mydama gök salyp duran seýilgähler, suw çüwdürimleri, ulagaragatnaşyk, kommunikasiýa hyzmatlary, azyk harytlarynyň bolçulygy, saglyk, medeni meseleleriň çözülenligi Aşgabadyň diňe bir ýaşamak üçin amatly şäher däl-de, eýsem daşary ýurtly syýahatçylaryň hem syýahat etmekleri üçin amatly şäherleriň birine öwürýär.
Aşgabat özüniň myhmanlaryny özboluşly binagärlik desgalarynyň, köp sanly muzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygy bilen özüne çekýär. Paýtagtmyz binagärlik babatda rekordlaryň birnäçesine eýedir. Bu hem Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.