«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
2020-nji ýyla «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi uly many mazmuna eýedir. Türkmenistan daşary syýasy strategiýasy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkitmegiň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan içerki we daşarky syýasyýasatlarynda üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde göçme sergisi gurnaldy.
Serginiň süňňünden geçýän taryhy milli gymmatlyklarymyz, taryhy şahsyýetlerimiz, gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir.