TÜRKMEN SURATKEŞLERI WENGRIÝADAKY TÜRKI SURATKEŞLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞÝAR


TÜRKMEN SURATKEŞLERI WENGRIÝADAKY TÜRKI SURATKEŞLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞÝAR



25-nji awgustdan 3-nji sentýabra çenli Wengriýanyň Lakitelek şäherinde meşhur wengriýaly şahyr Şandor Petöfiniň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli «Türki suratkeşleriniň duşuşygy» açyk meýdanda surat çekmek çäresi geçirilýär. Oňa Türki döwletleriň tanymal suratkeşleriniň 11-si gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyewiň, Abdylla Mämmetberdiýewiň bardygyny bellemek gerek.

10 günlük çäräniň dowamynda suratkeşler Wengriýanyň tebigatyndan, ýurduň meşhur şahyry Petöfiniň eserlerinden ylhamlanyp, halkyň medeniýetini, milletiň ruhy dünýäsini öz kendirlerine geçirip, gaýtalanmajak ajaýyp eserlerini döredýärler.

Saparyň dowamynda ussat suratkeşler Wengriýanyň ýadygärlikler toplumyna, gadymy ýerlerine we şahyryň ýaşan öýüne, taryhy muzeýlerine baryp görýärler. Mundan başga-da duşuşyga gatnaşyjylar Wengriýanyň medeniýeti, sungaty we edebiýaty bilen has-da ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

Eserler 2-nji sentýabrda Lakitelek şäherinde geçiriljek sergide sungaty söýüjileriň dykgatyna hödürlener.