«Kerwensaraýyň» peştagy (XIII-XIV asyrlar)


«Kerwensaraýyň» peştagy
(XIII-XIV asyrlar)



Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran 510 karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda türkmen alymlary we hünärmenleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän ençeme taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini alyp barýarlar.
Häzirki Köneürgenç etrabynyň demirgazyk-günbatar tarapynda uly giňişlikde arheologik we arhitektura binagärlik toplumy ýaýylyp gidýär. Bu toplumda arheologiýa gazuw-barlag we rejeleýiş-berkidiş işleri yzygiderli ýerine ýetirilýär.

«Kerwensaraýyň» peştagy diýip atlandyrylan arhitektura ýadygärliginiň günorta, demirgazyk-günbatar böleginde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, «Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň» alymlarynyň, hünärmenleriniň, rejeleýji ussalary bilen bilelikde Döwlet maksatnamasyna laýyklykda gazuw-barlag, rejeleýiş-berkidiş işleri ýerine ýetirildi. «Kerwensaraýyň» peştagynyň merkezi okundan demirgazyga 24,05 metre uzaýan diwary günbatara tarap aýlanyp 24,07 metr uzunlykda dowam edýän diwarynyň üsti açyldy. Alnyp barylýan işleriň dowamynda bir ugurda tertipli goýlan belli aralyklarda ýerleşdirilen sütünleriň aşaky binýady (baza) tapyldy. Şeýle hem geçirilen işleriň dowamynda keramika önümleri, bürünçden ýasalan şaý-sepler, binagärlikde ulanylan oýma we syrça bezeg görnüşleri ýüze çykaryldy. Tapylan tapyndylaryň hemmesi «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň «Daş metjit» Halk hünärmenler muzeýine tabşyrylyp islendik ildeşlerimiziň görmekleri üçin sergilendi. Ýüze çykarylan diwarlarynyň ýiten böleklerinde rejeleýiş-berkidiş işleri talaba laýyk ýerine ýetirmek üçin taslamasynyň üstünde işlenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan «Kerwensaraýyň» peştagy binagärlik ýadygärliginde gazuw-barlag işleri dowam edýär.