Halkara festiwalda türkmen halkynyň gymmatlyklary görkezildi
Rumyniýanyň Konstansa şäherinde her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen halkara türk-tatar festiwaly geçirildi. 2023-nji ýylyň 1 – 4-nji sentýabry aralygynda geçirilen festiwalda 40 ýurduň milli gymmatlyklary, sergi ýarmarkalary, şeýle-de döredijilik we senetçilik işleri görkezildi.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, festiwalyň dowamynda oňa gatnaşan myhmanlara türkmen halkynyň milli gymmatlyklary hem görkezildi. Gözelligi bilen köpleri haýran galdyrýan türkmen halylary, milli egin-eşikleri, senetçilik we amaly - haşam önümleri, el keşdeleri, kümüş şaý-sepleri, saz gurallary, türkmen halkynyň buýsançly geçmişinden, häzirki bagtyýar döwründen söz açýan suratlardyr neşir önümleri görkezildi. Türkmeniň ak öýünde ýerleşdirilen türkmen halkynyň milli gymmatlyklary halkara festiwala gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Serginiň dowamynda halkara festiwala gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti galamyndan dörän ajaýyp kitaplar bilen hem tanyşdylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, halkara festiwalyň çäginde sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar hem guraldy. Ýaryşa girizilen sport görnüşleriniň 10-sy bolsa ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.