MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYMYZ DUŞANBEDE KONSERT BERERLER


MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYMYZ DUŞANBEDE KONSERT BERERLER



14-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň döwletleriniň bilelikde geçirjek konsertinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi mynasybetli geçiriler.

Medeni çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Gülşat Gurdowa, Züleýha Kakaýewa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedow «Meleguş», «Ak güllerim saňa», «Küşdepdi» atly aýdymlaryny, «Näzli» we «Laçyn» tans toparlary bolsa, daşary ýurtly tomaşaçylara türkmen halk döredijiligine degişli tanslaryny ýerine ýetirerler.

Şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygy geçiriler. Şeýle hem şol günlerde Duşanbe şäherinde ýene-de bir möhüm duşuşyk – Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygy çäklerinde 13-nji sentýabrda sebit ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň önüm öndürijileriniň sergisi, «Dostluk agşamy» atly dabaraly gala konserti, ykdysady we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumlary, ulag ministrleriniň birinji duşuşygy, Zenanlar dialogynyň agzalarynyň sebit duşuşygy, suratkeşleriň sergisi, milli tagamlaryň festiwaly, ýaşlar forumy, halkara ylmy-maslahaty geçiriler.