Türkmen – türk dostana gatnaşyklary jebisleşýär
Türkiýe Respublikasynyň «Medeniýet we syýahat» ministrliginiň guramagynda «Merkezi Anadolynyň demirgazyk-gündogary» ady bilen metbugat sapary amala aşyryldy. Bu sapara Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan şeýle-de, Azerbaýjandan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu saparyň maksady türki halkynyň taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti, sungaty, milli gymmatlyklary hem-de gadymylygy bilen giňden tanyşdyrmakdan ybarat.

Sapar 17-19-njy sentýabr aralygynda bolup, 17-nji sentýabrda topar Ankaranyň Şekillendiriş, heýkel muzeýine, Anadoly Medeniýetler muzeýine aýlanyp gördüler. Bu muzeý 1997-nji ýylda Ýewropada muzeýleriň arasynda birinji orny eýeläpdir.
Muzeýden soň Ankaranyň merkezi bolan Hamamönü köçesinde ýerleşýän Ankare Kale baryldy. Ol iň gadymy galalaryň biridir.

Soňra topar Atakule söwda merkezine baryp gördüler. Türkiýe Respublikasynda ilkinji açylan söwda merkezi bolup, onuň beýikligi 125 metrdir. Onuň üst gatynda bütin Ankara şäherini synlamak bolýar.

Ankaranyň merkezi bolan Hamamönü köçesinde birnäçe dükanlar bar. Bu dükanlaryň birinde türkmen el işleri, türkmen nagyşlary bolan ýakalara gözüm düşdi. Türkmen lybaslaryna, milli nagyşly ýakalaryna bu ýerde islegleriň bardygy men-türkmenistanlyny has-da guwandyrdy.
Sapar dowam edýär.


