Syýahatçylygy ösdürmekde türkmen haly sungatynyň orny


Syýahatçylygy ösdürmekde türkmen haly sungatynyň orny



Dünýä ösüşiniň giňişligine ynamly ädimler bilen aralaşýan Türkmenistan hem syýahatçylyk pudagynyň ösýän ýurdy hökmünde tanalýar. Türkmenistan bu ugurdaky ýokary halkara at-abraýyny yzygiderli artdyrmakda nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýän döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Bütindünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde dünýä hojalygynyň ilerlemeginde maddy önümçilik bilen bir hatarda maddy däl ugurlary ösdürmeklige barha uly ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem şeýle ugurlaryň esasylarynyň biri hasap edilýär.
Dünýä syýahatçylygynyň ösmegi bilen, onuň taryhy, zyýarat, şypahana, ekologiýa we sport syýahatçylygy ýaly aýry-aýry ugurlary kemala gelýär. Bu ugurlar syýahaty guramagyň esasy maksadyna baglylykda öz aralarynda tapawutlanýan hem bolsa, olaryň her biriniň meýilnamasyna hökmany suratda syýahata baryljak ýurduň milli medeniýeti bilen tanyşdyryş çäreleri girizilýär. Şeýlelik bilen, oýlanyşykly we ýokary guramaçylykly ýola goýlanda islendik döwletiň milli ykdysadyýetiniň iň bir girdejili pudagyna öwrülýän syýahatçylyk, milli medeniýetiň ösüş taryhyny, geçmişini, şu gününi we geljegini nazarlaýan ösüş sepgitlerini dünýä ýaýmagyň işjeň serişdesine öwrülýär. Munuň özi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen halkynyň milli medeni mirasyny, baý maddy we ruhy medeniýetini gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek, şu günki ösüşleriň mazmuny bilen baýlaşdyrmak we tutuş dünýäde giňden ýaýmak boýunça öňe süren döwlet syýasatynyň asylly maksatlaryna doly kybap gelýär hem-de geljekde milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde täze ugurlary gözlemekde we işläp taýýarlamakda ýolgörkeziji bolup çykyş edýär.
Maddy medeniýet halkyň ruhy ösüşleriniň öçmez-ýitmez sahypalaryny açyp görkezýär. Maddy medeniýete degişli nepis eserler taryhy öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Olar taryhy syýahatçylyk bilen gyzyklanýan jahankeşdelerde hemişe uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistan diňe bir taryhy ýadygärlikleriň däl-de, eýsem nepisden-nepis, hakyky sungat derejesinde kämilleşdirilen el senetleriň mekanydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri bolan halyçylyk sungaty hem halkymyzyň gadymy we müdimi senetleriniň biridir. Ol taryhyň dürli döwürlerinde, şertlerinde, wakalarynda halkymyzyň ahwalyny süňňüne siňdirip, milletiň kalbynyň beýanyna, baý dünýägaraýşa öwrülendir. Bu ajaýyp sungatyň tutuş dünýäde çyn muşdaklarynyň sanynyň barha ýokarlanýandygyny nazara alsak, türkmen halyçylygynyň taryhy geçmişini we şu güni barada söhbet açýan täsirli çäreleriň Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek işine saldamly goşant boljakdygyny, uzagyndan syýahatçylygyň hut halyçylygyň ýurdumyzyň dürli şertlerinde döreýiş taryhyny we ösüş (şol sanda dokalyş, çeper bezeg, nagyş, ulanyş we ş.m. häsiýetlerindäki) aýratynlyklaryny öwrenýän ugruny kemala getirmekligiň binýadyny tutup biljekdigini ynamly aýtsa bolar.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan halkymyzyň baý medeni mirasynyň köp asyrlyk şan-şöhratyny mynasyp dowam etdirmek üçin başy tutulýan işler uly rowaçlyga beslenýär. Milliligimiziň naýbaşy ugurlarynyň biri bolan halyçylygyň taryhyny öwrenmek, gadymy nagyşlary, önümçilik usullaryny, dokalyş tärlerini gaýtadan dikeltmek meseleleri boýunça düýpli ylmy işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň hemme welaýatlarynda döwrebap halyçylyk kärhanalary gurlup, olardan teke, ýomut, salyr, pendi, beşir halylarynyň iň gadymy nusgalaryny dikeltmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halyçylyk çeper kärhanalarynda nagyşlaryň täze nusgalaryny döretmek, tebigy reňkleri taýýarlamak we peýdalanmak boýunça düýpli ylmy barlaglar amala aşyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda ajaýyp haly muzeýi döredilendir. Bu muzeýde saryja goýunlarynyň ýaz ýüňünden dokalan el halylaryň naýbaşy nusgalary saklanylýar.
Türkmenistanda her ýylyň maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň özi hem millilik gözbaşlarymyza goýlan belent sarpanyň nyşany bolmak bilen, dünýä syýahatçylarynyň we jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekmegi has-da artýar. Bularyň hemmesi Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge, şol bir wagtyň özünde-de milli medeniýetimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga täze gözýetimleri açýar.