Kappadokiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellenildi
Şu günler ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygynyň dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, köpugurly dabaralar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem geçirilýär.
Türkmenistan döwletimiziň doganlyk ýurtlarynyň biri bolan Türkiýe Respublikasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk mekanlarynyň biri bolan Kappadokiýada bellenildi.
Türkiýäniň möhüm syýahatçylyk sebitlerinden biri bolan Kappadokiýa howa şarlary bilen meşhur sebitdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň baýdagy howa şarlary arkaly asman giňişligine göterildi.
Bu özboluşly baýramçylyk dabaralary ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýede Respublikasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dokumental filmi surata düşürýän Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary tarapyndan ýazgy edildi.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly syýahatçylary kabul edýän Kappadokiýada ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabarada asmana göterilen howa şarlarynyň birinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly, mübärek bolsun! Ýaşasyn türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklary!» atly ýazgy hem ýazylypdyr.
Ozal hem belläp geçişimiz ýaly, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmleri surata düşürmek taslamasy bilen meşgullanýan režissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygyndaky topar Türkiýe Respublikasyna döredijilik saparynda bolýar.