TÜRKMEN KOMPOZITORYNYŇ SAZ ÝYGYNDYSY ASTRAHANYŇ YLMY KITAPHANASYNA TABŞYRYLDY
«Medeni arhiw» taslamasynyň çäginde Nury Halmämedowyň aýdym-saz ýygyndylary (opera aýdymçysy Darýa Guseýnowa tarapyndan redaktirlenen, saýlama wokal eserler ýygyndysy) we kompozitor Mämet Guseýnowyň wokal, skripka we fortepiano ýygyndylary Astrahan sebitinde ýerleşýän N.K.Krupskaýa adyndaky ylmy kitaphanasyna tabşyryldy.
Şeýle hem taslamanyň çäklerinde N.K.Krupskaýa adyndaky ylmy kitaphanasynda çäre geçirildi. Onda Astrahan sebitiniň at gazanan medeniýet işgäri, Astrahan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti, Russiýa kompozitorlar birleşiginiň sebit bölüminiň başlygy Konstantin Wladimirowiç Guzenko kitaphananyň gaznasyna saz ýygyndylary sowgat etdi. Onuň bellemegine görä, bagyş edilen neşirler kitaphananyň sungat, edebiýat bölüminiň tekjesinde öz mynasyp ornuny alar.
Çärä Astrahanda ýerleşýän orta we ýörite orta sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylarydyr talyplary şeýle hem ýaşlar, sungaty söýüjiler gatnaşdylar.