29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalyň açylyş dabarasy bolar


29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalyň açylyş dabarasy bolar



Ýakynda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň meýilnamasy tassyklandy. Maksatnama laýyklykda, 29-njy oktýabrda Russiýa Sungat akademiýasynyň muzeý we sergi toplumynda festiwalyň açylyş dabarasy bolar.

Dabarada Nury Halmämedowyň saýlanan wokal eserleriniň ýygyndysynyň konsert-tanyşdyrylyşy bolar.

30-njy oktýabrda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz bölüminde halkara ylmy we amaly maslahaty geçiriler.

1-nji noýabrda bolsa Moskwanyň 64-nji çagalar aýdym-saz mekdebinde bäsleşigiň synaglary bolar.

Nury Halmämedow adyndaky Moskwanyň VII halkara sungat festiwaly 4-nji noýabra çenli dowam eder. Şol gün Russiýa Sungat akademiýasynyň muzeý we sergi toplumynda sungat sergisi guralyp, gala konserti geçiriler. Şeýle hem VII festiwalyň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy bolar.