Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar


Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar



Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň sözlerine salgylanyp, «Report.az» habar bermegine görä, mejlise 6 ýurduň — guramany esaslandyryjylar bolan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň medeniýet ministrleri gatnaşarlar.

Däp bolşy ýaly, mejlisde TÜRKSOÝ tarapyndan ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de 2024-nji ýyl üçin öňde duran wezipeler kesgitleniler we degişli çözgütler kabul ediler.