Bişkekde XVII Delfiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň XVII delfiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek türkmen ýaşlary gatnaşýar.
Bu halkara Delfiýa oýunlarynyň çäginde Türkmenistan döwletimiziň ýaşlary hem gatnaşar. Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň zehinli okuwçylary, ýörite sungat we çeperçilik mekdepleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplary öz çykyşlaryny görkezerler.
Belläp geçsek, ýurdumyzyň döredijilik topary Delfiýa oýunlarynda şekillendiriş, zergärçilik, fortepiano, skripka, halk, wokal, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmek, milli saz gurallarynda saz çalmak ugurlary boýunça gatnaşarlar.