Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwalyna gatnaşýar


Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwalyna gatnaşýar



Şu ýylyň 13 — 15-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwaly geçiriler. Oňa gatnaşjak Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary 11 — 17-nji oktýabr aralygynda Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Festiwala gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň arasynda Omar Igamow, Merdankuli Baýramow, Hemra Gaýgysyzow, Söhbet Annamyradow, Allamyrat Muhammetgulyýew, Mähri Ýazmyradowa, Ogulmaral Sähetnyýazowa dagy bar.

Festiwalyň dowam edýän günleri türkmen wekiliýeti festiwala gatnaşýan myhmanlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrarlar.