Diş toýy


Diş toýy



Çaga toýlarynyň arasynda «Diş toýy» hem her bir maşgalada tutulýan kiçiräk toýlaryň biri. Çaga dünýä inensoň onuň her bir hereketi, onuň ösüşindäki bolup geçýän her bir üýtgeşme maşgalanyň guwanjyna öwrülýär. Çaga ilki bilen süýt dişi çykanda hem maşgalada uly şatlyk döreýär. Ilkinji çykan süýt dişini gören adama halat ýapylýar. Dogan-garyndaşlar dişi çykan çagany we onuň ene-atasyny gutlaýarlar. Çaganyň dişleri akja patrak ýaly bolup çyksyn diýlip akja patrak bişirilýär. Çagany özi ýaly çagalaryň arasynda oturdyp, üstünden patrak seçilýär. Pişmedir milli tagamlar taýýarlanyp, garyndaşlar bilen bilelikde bellenilýär.
Sarahs illerinde çaganyň diş toýunda arassalanan bugdaýy gaýnadyp, tagam taýýarlamak däbi ýörgünli. Bugdaý gaýnadylyp bişirilýän bu tagam «Börtme» diýlip atlandyrylýar hem-de çaganyň dişi «börtüp, ýeňillik bilen çyksyn» diýen yrym bilen bişirilýär.