Ahmet Amandurdyýew halkara kinofestiwalyň «Iň gowy erkek keşbini janlandyran aktýor» baýragyna mynasyp boldy


Ahmet Amandurdyýew halkara kinofestiwalyň «Iň gowy erkek keşbini janlandyran aktýor» baýragyna mynasyp boldy

Ozal habar berşimi ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde «Gorkut ata» türk dünýäsiniň III halkara kino festiwaly geçirildi. Bu festiwala türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Halkara kinofestiwalda Türkmenistan döwletimizden gatnaşan Ahmet Amandurdyýew «Gyzyl alma» filminde janlandyran keşbi üçin «Iň gowy erkek keşbini janlandyran aktýor» baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

Filmiň sýužeti gündogar edebiýatynda meşhur bolan gyzyl almanyň rowaýatyna esaslanýar. Filmiň režissiýory Hekim Alowow gahrymanlaryň üsti bilen türkmen halkynyň haýyr-sahawat we sahylyk ýaly häsiýetlerini ussatlyk bilen açmagy başarypdyr.

«Gorkut ata» festiwaly şu ýyl Bakuwda geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Russiýadan çeper, dokumental we animasiýa filmleriniň 32-si hödürlendi.

Ahmet Amandurdyýewiň ýerine ýetiren keşbiniň eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Biz hem ildeşimizi gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw edýäris.