Türkmenistan Samarkant şäherini 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýar


Türkmenistan Samarkant şäherini 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklary, ozalkysy ýaly GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar.

Hormatly Prezidentimiz GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşynda: «Şu gün 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar bermek meniň üçin ýakymlydyr» diýip, belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz medeni paýtagtyň hormatly statusynyň çäklerinde medeni çäreleriň geçirilmeginiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna täze itergi berjekdigine, şeýle hem däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýandygyny hem belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda: «Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak, biziň hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirmek isleýärin» diýip aýtdy.